Yslam dininde kämillik ýaşyna ýeten we akyly ýerinde bolan her bir musulman kişiniň amallarydyr hereketleri belli bir fykhy hökümlere esaslanýar. Fykyh ylmynyň terminolgiýasynda muňa «Ef’al-i-mükellefin» diýilýär. Olaram öz gezeginde ýedi topar bölünýär:
- Parz
- Wajyp
- Sünnet
- Mustahap
- Mubah
- Haram
- Mekruh
Ýokarda sanalan amallaryň başky dördüsi hökmany suratda berjaý edilmeli diýlip hasaplanýar. «Mubah» bolan işleriň amal edilmegi ýa-da terk edilmegi her kişiniň öz erkindedir. Soňky iki amal bolsa, bütinleý gadagan edilipdir. Şerigat taýdan islendik bir amalyň buýrulmagyna «buýruk», gadagan edilmegine bolsa «nehiý» diýlip atlandyrylýar. Ilkinji nobatda, fykyh kitaplarynda köp duş gelýän adalgalara düşündiriş bermek has ýerlikli bolar diýip hasap edýäris.
Parz
«Parz» Arap sözi bolup, «Bir zady kesgitlemek, takyklamak, böleklere bölmek, ülüş» diýen manylary aňladýar. Fykyh ylmynda bolsa, hökman berjaý edilmeli we anyk delillere esaslanýan dini buýruklardyr borçlary aňladýar. Mysal üçin, namaz okamak, remezan aýynda oraza tutmak we zekat bermek parzdyr. Parzlar iki topara bölünýär:
Parzy-aýn we parzy-kifaýe.
Parzy-aýn: Her bir musulmanyň hut özüniň ýerine ýetirmeli borçlarydyr. Bu borçlar musulmanlaryň arasyndan biriniň berjaý etmegi bilen beýlekileriň jogapkärçiliginden aýrylmaýar. Mysal üçin, namaz we oraza her bir musulman bendesiniň hökmany berjaý etmeli dini borjudyr.
Parzy-kifaýe: Her bir musulmanyň hut özüniň ýerine ýetirmegi hökmany bolmadyk, käbir musulmanlaryň berjaý etmegi bilen beýleki musulmanlaryň jogapkärçiliginden aýrylýan amallarydyr. Şu topary girýän parzlary eger hiç kim berjaý etmese, her kim deň derejede günäkär we jogapkär bolar. Meselem: musulman kişiniň jynaza namazynyň käbir musulmanlar tarapyndan okalmagy bilen parz amala aşýar. Ýagny jogapkärçilik beýleki musulmanlaryň boýnundan aýrylýar. Emma bir bendäniň jynaza namazyny hiç kim okamasa welin, onda musulmanlaryň bary günäkär bolýar. Parz-y-kifaýäniň sogaby diňe ony berjaý edene degişlidir.
Parzyň hökümi
Parz berjaý edilse, sogaby uludyr. Ony esasly sebäpsiz terk edýän dünýäde hoşbagt bolmaz, ruhy jebirden gutulmaz. Ahyretde-de agyr azaba duçar ediler. Parzy inkär etmek musulmany dinden çykarýar.
