Tag: Pygamber

  • Pygamberimiziñ iñ uly mugjyzalary

    Pygamberimiziñ iñ uly mugjyzalary

    Kur’any Kerim

    Pygamberimiz iberilende, Arap ýarymadasynda çeper edebiýat, dilewarlyk, suhangöýlik juda ösüpdir. Şonuñ üçin Pygamberimiziñ iñ uly mugjyzasy Kur’any Kerimdir. Pygamberimiz bir hadysynda: «Öz döwründäki ynsanlary özüne ynandyrmak üçin, mugjyza berilmedik hiç bir pygamber ýokdur. Maña mugjyza hökmünde berlen bolsa, Allahyñ wahý edenidir», (Buhary), diýýär. Kur’anyñ mugjyzalygy kyýamata çenli dowam eder.

    Isra we magraj

    Pygamberimiziñ Mesjidi Haramdan Mesjidi Aksa äkidilmegi, şol yerden Sidretil Münteha göterilmegi, o taydan yene Mesjidi Harama getirilmegi bilen baglanyşykly hadysadyr. Bu mugyza Kur’any Kerimde we hadyslarda doly düşündirilýär.

    «Bir gije käbir delillerimizi görkezeli diýip, guly Muhammedi Mesjidi Haramdan töweregi mübarek kylnan Mesjidi Aksa äkiden Ol Zatyň şany beýikdir. Ol ähli kemçiliklerden daşdyr. Her bir zady eşidýän, görýän Oldur». (Isra 1)

    Şakky Kamer (Aýyñ ikä bölünmegi)

    Mekge müşrikleri Pygamberimiziň bir mugyza görkezmegini isläpdir. Ol hem Allahyň rugsady bilen Aýy ikä bölüp görkezýär. Ikä bölünen Aý az salymdan ýene-de öňki halyna gelýär. Kur’any Kerim bu hadysany şeýle düşündirýär:

    «Kyýamat ýakynlaşdy, Aý ýaryldy. Bir mugyza görseler, derrew ýüz öwürýärler, bu-da birjady diýýärler», (Kamer, 1-3).

    Pygamberimizit pygamber bolmazyndan öt, şeýle hem pygamber bolan döwri ýokardaky mugjyzalardan başga-da, naharyň gutarmazlygy, suwuň akmagy, daşlaryň, ösümlikleriň, haýwanlaryň dil açmagy, geljege degişli aýdanlary ýaly ençeme mugjyzalary bardyr.

  • Pygamberleriñ umumy aýratynlyklary

    Pygamberleriñ umumy aýratynlyklary

    Her pygamber ynsan bolmak bilen birlikde erkek kişilerdir. Allahdan gelen ilahi wahýy milletine doly düşündirsin diýip, pygamberleriñ dili öz halkynyñ dilidir. Emma Hezreti Muhammet sallallahu aleýhi wesellem tutuş adamzada iberilen iñ soñky pygamber bolany üçin Kur’any Kerim arap dilinde iberilendir. Arapdan başga halklar diniñ esaslaryny aslyndan öwrenmek üçin diniñ dili bolan arapçany öwrenmäge we ýeterlik kadrlary ýetişdirmäge borçludyr. Bu hususy aýratynlyklardan başga pygamberleriñ umumy aýratynlyklary şulardyr:

    Sydk

    Sydk – «dogrulyk» diýmekdir. Pygamberler yalan sözlemezler, olar dine dogrulyk ýörelgesinden ýöreýärler. Pygamberiñ agzyndan çykan her söz tassyklydyr. Çünki, olar hakykatdan başga hiç bir söz aýtmaýar.

    Emanet

    Emanet – «ynamdar» diýmekdir. Bu söz iman sözi bilen bir kökden dörändir. Mü’min – ynanan we ynamdar ynsan diýmekdir. Pygamberler mü’minlikde in ýokary derejedäki ynsan boluşlary ýaly, eminlik we ynamdarlykda-da iñ ýokary derejededir.

    Ysmat

    Ysmat – günä etmezlik, günäden goralan, hemaýat edilen diýmekdir. Pygamberler kiçi-uly ähli günälerden Allah tarapyn goralyp saklanypdyr. Ýagny, Allahutagala pygamber edip iberjek guluna asla günä iş etdirmeýär.

    Pygamberler adamzady Allaha we Allahyñ ryzasyna äkidýän ýolbelet bolandygy üçin, ýörite goragdadyr. Çünki, hiç bir günäde, hat-da iñ kiçisinde hem Allahyñ razylygy we hoşallygy ýokdur. Özi Allahyñ ryzalygyndan mahrum kişi nädip başgalary Onuñ ryzalygyna ýetirsin? Bu asla mümkin däldir. Diýmek, pygamberler günä işden daşdyr.

    Fetanet

    Fetanet – akyl bilen akyl belentliginden aşmak diýmekdir. Muña pygamber mantygy hem diýilýär. Bu mantyk ruhuñy, kalbyñy, bedeniñ syzmasyny, duýgularyñy, zehiniñi bir ýerejemläp giñişleýin, çuññur akyl ýetirip bilmekligi añladýar. Fetanetiñ her bir pygamberde bolmagy zerur sypatdyr. Bu zerurlyk ynsanyñ mätäçliginden döreýär. Çünkü, ilahi wahý ilki ony amal eden pygamberiñ fetanetiniñ üsti bilen beşeriñ düşünip biljek derejesine getirilýär. Şeýlelikde ynsanlar olary kabul edip amala aşyrýarlar.

    Teblig

    Teblig – pygamberleriñ Allahdan gelen wahýyny ymmatyna WJı kemsiz ýetirmegi diýmekdir. Başgaça aýdylanda: «Emri bil magruf  nehýi anil münker», ýagny, ýagşylygy emr etmek, erbetlikden daş saklamak diýmekdir.

    “Eý, pygamber! Rabbiñden saña inderilen buýruklary teblig et. Eger etmeseñ, Allahyñ öñündäki ilçilik wezipäñi ýerine ýetirmedigiñdir”, (Maide, 67), aýaty tebligiñ her pygamberiñ ömür maksadydygyny we teblig bolmadyk bolsa, pygamberleriñ iberilmeginiñ manysyzdygyny nygtaýar.

    Wahý

    “Wahý” sözi yşarat etmek, pyşyrdamak, gizlin gürleşmek, emr etmek, ýazmak, ylham we howlukmak diýen manylary berýär. Kur’any Kerimiñ berýän maglumatlaryna görä, wahý hem hususy, hem-de umumy ulanylypdyr. Allahyñ pygamberlere wahý etmegi hususy, ähli barlyklara şekil we wezipe bermegi olaryñ ýerlikli hereket etmegi üçin käbir ýollar görkezmegi bolsa, umumy manydaky wahýdyr.

    Halk arasynda wahý diýlende, hususy manydaky wahý akyla gelýär. Hususy wahý – Allahutagalanyñ gullaryna bildirmek islän hidaýet we emrlerini olaryñ arasyndan saýlan pygamberlerine adaty bolmadyk çaltlykda hem gizlinlikde bildirmegidir.

    Wahý pygamberleriñ pygamberdigini görkezýän delilleriñ hem biridir. Allahutagala her pygamberine wahý edipdir. Wahýyñ nähilidigine ynsanyñ doly düşünmegi, oña akyl ýetirmegi mümkin däldir. Ony diñe başyndan geçiren pygamber biler. Ol Allah bilen pygamberiñ arasyndaky syrdyr. Käbir ynsanyñ wahýy suratlandyrmagy körüñ reñkleri suratlandyrjak bolşuna meñzär. Yöne wahý inen wagty, şol ýerdäkiler pygamberde bolup geçýän alamatlary görüp biler. Meselem, sahabalar Pygamberimize wahý gelende, göwresiniñ titreýändigini, ýüzüniñ reñkiniñ üýtgeýändigini, sowukda hem derleýändigini, käbir sesleriñ eşidilendigini, agramynyñ agralandygyny we şuña meñzeş zatlary görendiklerini aýdypdyrlar, (Buhary, Müslim, Tirmizi).

    Mugjyza

    “Mugjyza” sözi – ejiz halda goýýan, adatdan daşary, täsin zat diýen manylary berýär. Dini taýdan bolsa, pygamberdigini aýdýanlaryñ ony subut etmek üçin görkezýän, haýra, sagadata wesile boljak, täsin hadysalaryna diýilýär.

    Mugjyza sözi Kur’anda «aýet», «beýýine», «burhan» sözleri bilen düşündirilýär. Ilkinji döwür hadys alymlary mugyza sözüniñ ýerine «delail» we «alamat» sözlerini ulanypdyrlar.

    Allahyñ iberen her pygamberi töweregindäki ynsanlar tarapyndan dürli-dürli garşylanypdyr. Ynsanlar olardan pygamberligini tassyklaýan, göze görünýän, adatdan daşary, hiç kimiñ başarmajak käbir alamatlary görkezmegini talap edipdirler. Pygamberler hem pygamberdigini subut edýän deliller hökmünde mugjyza görkezipdir. Mugjyzanyñ delil bolmagy üçin, adaty ynsanyñ ony görkezmekden ejiz bolmagy şertdir. Çünki, Allaha garşy ýalan sözläniñ mugyza görkezmegi mümkin däldir. Mugyza adatdan daşary täsin bir hadysa bolup, sebäp we netije baglanyşygyny aradan aýyrýar. Ol gönüden-göni Allah tarapyn pygaberiñ pygamberliginiñ dogrudygyny subut edýän ilahi bir amaldyr.

  • Pygamberlere Iman

    Pygamberlere Iman

    «Pygamber» sözi pars sözi bolup, «habar äkidýän» we «ilçi» diýen manylary berýär. Dinde añladýan manysy emr we gadaganlyklary ynsana teblig etmek we hidaýet ýoluny görkezmek üçin Allahyñ gullarynyñ arasyndan saýlan ilçilerine pygamber diýilýär. Kur’any Kerimde Allahyñ wezipe beren pygamberleri «resul», «mürsel» we «nebi» sözleri bilen düşündirilýär. Özüne täze bir kitap we şerigat berlen pygamberlere «Resul», öñki geçen pygamberiñ kitap we şerigatyny ymmatyna ýetirmek üçin iberilen pygamberlere bolsa «Nebi» diýilýär. «Risalet» we «nübüwwet» sözleri pygamberlik manysyny berýär.

    Pygamberlik Allahyň lutufwe yhsanydyr. Tagat-ybadat, yhlas we gaýrat bilen şol mertebä yetip bolmaýar. Allahutagala pygamberlik ýüküni göterip biljegi we oňa laýyk ynsany bilip, islänini saýlaýandyr. Bu meselede mal-mülk, şan-şöhrat we wezipäniň täsiri ýokdur.

    Pygamberlik Hezreti Adam ata bilen başlanyp Hezreti Muhammet (sallahu aleýhi wesellem) bilen gutarýar. «Biz Allahyň pygamberlerinden hiç birini beýlekisinden tapawutlandyrmarys», (Bakara, 285), aýaty Allaha ynanan bir ynsana aralarynda tapawut goýmazdan pygamberleriň ahisine ynanmagy parzdyr.

    Pygamberleriñ iberilmeginiñ maksady

    Ynsanyň ýaradylyp, bu dünýä iberilmeginiň maksady we hikmeti älemiň Ýaradyjysyny tanamak, Oňa iman getirip ybadat etmekdir. Ynsan özüniň we älemiň bir Ýaradyjysynyň bardygyna akyl ýetirip biler, ýöne näme üçin ýaradylandygyny, Allaha nähili ybadat etmelidigini, Onyň ryzasyny nädip gazanmalydygyny bilmez. Şonuň üçin pygamberlere zerurlyk bardyr.

    «Biz seni Allahyň rahmeti bilen buşlaýjy we azaby bilen gorkuzyjy hökmünde hak din bilen iberdik. Her bir ymmat üçin hem olaryň arasyndan hökman bir oýaryjy pygamber iberendiris» (Fatyr, 24). Başga bir aýatda: «Allaha kasam bolsun, Biz senden öňki ymmatlara hem pygamber iberendiris», (Nahl, 63; Ýunus 47) aýatlary, Allah tarapyndan her bir millete, ymmata, taýpa olary ilahi azapdan gorkuzýan, dogry ýola çagyrýan bir pygamberiň iberilendigini görkezýär.

    Her pygamber ynsany dine ynandyrmak üçin, ynanmaýanlarada bahana galmaz ýaly mugyza bilen gelendir. Her ymmat öz pygamberinden ençeme mugyzalary gözi bilen görendir hem eşidendir. Biz hem Hezreti Muhammede (sallallahu aleýhi weselleme) degişli müňlerçe mugyzalary eşitdik we Kur’an ýaly ebedi mugyzany elmydam görýäris. Mundan soň, hiç kimiň garşy gitmäge haky ýokdur. Allah ynanmagymyzy isleýän hakykatlaryny, hemişe goldaw berýän pygamberleriniñ üsti bilen aç-açan we äşgär İpi görkezipdir. Bu olaryñ iberiliş maksatlarynyñ biridir. Iñ ähmiýetli tarapy hem Allahutagala: “Biz pygamber ibermedik ýagdaýymyzda azap bermeris”, (Isra, 15) diýýär. Diýmek, pygamberler iberilendigi üçin, mizan we tereziler guruljakdyr. Hiç kmiñ bahanasyna bakman, her kesden hasap soraljakdyr.

    Pygamberleriñ sany

    Ilkinji pygamber Hezreti Adam atadyr (a.s.). Iñ soñky pygamber bolsa, hezreti Muhammet Mustafadyr (s.a.w.). Bu ikisinin aralygynda ençeme pygamberler gelip geçipdir. Olaryñ sany barada Kur’any Kerimde anyk maglumat berilmeýär. Yöne bir aýatda:

    «Kasam bolsun, senden öñ hem pygamberler iberdik. Olaryñ arasynda saña kyssalaryny habar berenlerimiz hem bar, bermediklerimiz hem bar», (Mü’min, 78) diýilýär. Pygamberimiziñ hadyslarynda bolsa, bir rowaýata görä: 124 müñ, başga birine görä 224 müñ pygamberiñ gelip-geçendigi, 313 sanysynyñ hem resuldygy barada aýdylýar, (Ahmet b. Hanbel,”Müsned”). Bu rowaýatlardaky sanlar biri-birinden ýüz müñ töweregi tapawut edýär. Bularyñ islendigini kabul etsek, ýüz müñ kişini pygamber saýyp, ýa-da pygamber bolany pygamber däl diýmegimiz mümkin. Şeýle hem pygamberdigi anyk belli bolmadyklar barada “pygamberdi, pygamber däldi” diýip jedel etmek hem ýalñyşdyr. Bu meselede iñ dogrusy Allahyñ iberen pygamberleriniñ ählisine ynandym diýmekdir.

    Kur’any Kerimde ady tutulan pygamberler şulardyr:

    1.Hezreti Adem (a.s.),

    2.Hezreti Idris (a.s.),

    3.Hezreti Nuh (a.s.),

    4.Hezreti Hud (a.s.),

    5.Hezreti Salyh (a.s.),

    6.Hezreti ibrahim (a.s.),

    7.Hezreti Lut (a.s.),

    8.Hezreti Ismail (a.s.),

    9.Hezreti Ishak (a.s.),

    10.Hezreti Ýakup (a.s.),

    11.Hezreti Ýusuf (a.s.),

    12.Hezreti Şu’aýb (a.s.),

    13.Hezreti Eýýup (a.s.),

    14.Hezreti Musa (a.s.),

    15.Hezreti Harun (a.s.),

    16.Hezreti Dawut (a.s.),

    17.Hezreti Süleyman (a.s.),

    18.Hezreti Ýunus (a.s.),

    19.Hezreti Ylýas (a.s.),

    20.Hezreti Elýase (a.s.),

    21.Hezreti Zülkifil (a.s.),

    22.Hezreti Ýahýa (a.s.),

    23.Hezreti Zekeriýa (a.s.),

    24.Hezreti Isa (a.s.),

    25.Hezreti Muhammet Mustafa (s.a.w.).

    Kur’any Kerimde atlary tutulan Uzeýriñ, Lukmanyñ we Zülkarneýniñ pygamberdigi ýa-da däldigi hakynda anyk höküm ýok. Olaryñ salyh ynsan bolandygy belli bolsa-da, pygamberdigi barada anyk aýdylmaýar. Kur’anda ady tutulmasa-da, pygamberdigi giñden aýdylanlar bolsa şulardyr: Şit, Ýuşa, Jerjis, Danýal.

    Pygamberleriñ derejeleri

    «Ynha, bu pygamberlerden käbirini beýlekilerden üstün kyldyk. Allah olaryñ käbiri bilen gürleşipdir, käbirini bolsa derejeler bilen beýgeldipdir», (Bakara, 253), aýatynda, ähli pygamberleriñ pygamber bolmak taýyndan deñdigi ýöne, pygamberleriñ derejeleriniñ tapawutlydygy aýdylýar:

    Kur’any Kerimde derejesi ýokary bolan pygamberlere «Ulül Azm pygamberler» diýilýär. Ulül Azm pygamberler bäş sanydyr. Olaryñ iñ beýigi älemlere rahmet edilip iberilen we Hatemül enbiýa bolan Hezreti Muhammet Mustafadyr (sallallahu aleýhi wesellem). Beýlekiler dünýä gelmek nobatyna görä, Hezreti Nuh (a.s.), Hezreti ibrahim (a.s.), Hezreti Musa (a.s.) we Hezreti Isadyr (a.s.).