Oraza tutmagyň esasy edepleri aşakdakylardyr:
Selärlik üçin oýanmak. Allahyň Resuly (sallallahu aleýhi we sellem) bir hadysynda şeýle buýurýar: “Selärlik üçin oýanyň, sebäbi selärlik üçin oýanmakda/selärlikde naharlanmakda bereket bardyr.” (Buhari, Sawm 20; Muslim, Siýam 45). Başga bir hadysynda bolsa şeýle diýilýär: “Selärlik nahary bilen gündiz tutjak orazaňyz üçin güýç alýarsyňyz; öýlän ukusy — Kaýlula — bilen hem tehejjüd namazy üçin güýç alýarsyňyz.” (Ibn Maja, Siýam 22). Selärlik nahary adama oraza tutmaga güýç berýär we orazany aňsatlaşdyrýar.
Selärligi giç iýmek we wagty gelende agzy açmak, ýagny gün ýaşandan soň dessine agzaçar etmek. Bir hadysda: “Adamlar agzaçar etmek üçin howlugyp, selärlik naharyny gijikdirdigiçe, hemişe ýagşylykda ýaşarlar” diýilýär. Bir hadysy kudside bolsa: “Meniň bendelerimiň iň söýgülisi agzaçary dessine edýändir” diýilýär.
Allahyň Resuly (sallallahu aleýhi we sellem) agzyny açman agşam namazyny okamazdy. Ol bir ýa-da iki hurma iýip — hurma ýok bolsa birnäçe ýudum suw içip — namazyny okaýardy we namazdan soň esasy naharyny iýýärdi. Selärligi näçe wagt gijikdirip boljakdygy barada Zeýd ibn Sabitiň (Allah ondan razy bolsun) şeýle rowaýaty ölçeg bolup biler:
“Biz Allahyň Resuly (sallallahu aleýhi we sellem) bilen selärlik nahary iýdik. Soňra ertir namazyny okadyk.” Enes sorady: “Selärlik bilen ertir namazynyň arasynda näçe wagt bardy?” — “Elli aýat okamaga ýeterlik wagt.”*
Bu wagt takmynan 15–20 minut bolup, Hakga süresiniň (52 aýat) ýa-da Mursalat süresiniň (50 aýat) okalyşyna deňdir. Bu rowaýata esaslanyp, alymlar imsak wagtyndan 15–20 minut öň iýip-içmegiň bes edilmegini hökm etdiler.
Agzaçarda doga okamak. Agyz açylanda şu dogany okamak sünnetdir:
“Allahumme leke sumtu wa bike ämentü we aleýke tewekkeltü wa ala rizkike eftartü.”
Manysy: “Eý Allahym! Men diňe Seniň razylygyň üçin oraza tutdum. Saňa ynandym, Saňa bil bagladym we Seniň beren ryzkyň bilen agzymy açdym.”
Orazany hurma ýaly süýji iýmit bilen, hurma ýok bolsa suw bilen açmak.
Ähli duýgulara oraza tutdurmak. Orazanyň möhüm tarapy diňe aşgazany däl, eýsem ähli duýgulary hem oraza tutdurmakdyr. Ynsanyň gözleri, gulaklary, ýüregi, hyýaly we pikirleri bar. Oraza tutýan adam bularyň hemmesini boş we gadagan edilen zatlardan saklamaly hem-de her birini özüne mahsus ybadat we gulluk borjuna gönükdirmeli. Dili ýalan sözden, gybatdan, gödek we gelşiksiz gepden uzak saklamaly; ony Gurhan okamak, zikir, tespih, salawat we istigfar bilen meşgul etmeli. Gözleri gadagan zatlara seretmekden, gulaklary ýamanlygy eşitmekden saklamaly; gözleri oýlanmaga, gulaklary bolsa hakykaty we Gurhany diňlemäge gönükdirmeli.
Allahyň Resuly (sallallahu aleýhi we sellem) bu barada şeýle buýurýar: “Kim ýalan sözlemegi we ýalan bilen hereket etmegi taşlamasa, Allahyň öňünde onuň iýmekden we içmekden saklanmagynyň gymmaty bolmaz.”
Başga bir hadysda bolsa: “Bäş zat orazanyň sogabyny aýyrýar: ýalan sözlemek, gybat etmek, töhmet atmak, ýalan ýere ant içmek we gadagan zatlara höwes bilen seretmek.”
Ibn Hajar bu barada şeýle diýýär: “Doly we kämil agyz beklemek — Allahyň gadagan eden ähli günälerinden we zatlaryndan gaça durmakdyr.”
Agşam we selärlikde aşa köp iýmekden saklanmak. Aşgazany doly doldurmazlyk hem orazanyň edeplerinden biridir. Oraza tutmagyň maksatlarynyň biri — beden we ruha dynç bermek, ýyllyk arassalanmaga we dikelmäge mümkinçilik döretmekdir. Agşama çenli iýmän durup, soňra azan eşidilen dessine saçaga howlukmaç ýapyşyp, ählisini iýip-içmek — edebe hem, beden saglygyna hem ters gelýär. Iýmit siňdiriş agzalary şeýle agram astynda jebir çekýär. Şonuň üçin selärlik we agzaçar wagtynda saçakdakylaryň hemmesini iýmäge çalyşmaly däl; orazanyň hikmetine laýyklykda az we peýdaly iýmitler iýmeli.
Bereketli Remezan aýynda ähli möminler has köp ybadat etmeli, Allahyň çäksiz nygmatlary üçin ýürekden şükür etmeli we haýyr-sahawat işlerine has köp üns bermeli. Bu aýda Gurhan okamak we diňlemek uly sogapdyr. Gurhan okamagy bilýänler ony köp okamaly we Remezan aýynda doly okamaga — hatyma — çalyşmaly; okamagy bilmeýänler bolsa metjitlere baryp, owadan sesli hafyzlaryň tiläwetini diňlemeli. Diňe şeýle etmek bilen bereketli Remezan aýyna mynasyp hormat görkezilip bilner.







