Türkmen dilinde perişde-de diýilýän melek – arap sözi bolup «ilçi», «habarçy», «güýç-kuwwat», «ýokardan inýän», «edilenleri alkyşlaýan we olara gözegçilik edýän» manylary berýär. Melek -Allahyñ emri bilen dürli wezipeleri ýerine ýetirýän, göz bilen görülmeýän nurdan we ruhdan döredilen barlykdyr.
Melekler emr äleminden we nurdan ýaradylandygy üçin, örän çalasyn, güýç-kuwwatly barlyklardyr. Olaryñ hulul we nufuz ukyplary örän çalt we kämildir.
Meleklerde aýal-erkek, jyns tapawudy ýokdur. Melekler iýip-içmeýär, ýadamaýar, olarda ynsan we jyn ýaly, ysýan we garşy gitmek ýokdur. Olara öýke-kine, gahar-gazap, gysgançlyk, görüplik ýaly erbet duýgular ýatdyr. Nurdan bolandyklary üçin, iýmit ýerine nur ýeterlikdir. Ynsan howadan, suwdan, yşykdan, dürli iýmitden nähili lezzet alýan bolsa, melekler hem zikrden, tesbihden, hamddan, ybadatdan we Allahyñ magrifet we muhabbet nurundan iýmitlenip, olardan çäksiz lezzet duýýarlar. Hatda atyrlaryñ ýakymly ysy hem olar üçin iýmit saýylýar. Allahyñ Resuly hem şonuñ üçin ýakymly ysly atyrlary ulanmagy halar eken.
Melekler nurdan bolany üçin, adaty göze görünmeýär. Olar diñe pygamberlere asyl şekilinde görnüpdir.
Melekler asyl şekilini üýtgedip, başga şekile giren ýagdaýynda ynsan tarapyndan hem görlüp bilinýär. Imany, islamy we yhsany düşündirýän Jibril hadysy muña mysaldyr. Bu hadysyñ beýanyna görä, sahabalar Jebraili (a.s.) adam sypatynda görüpdirler. (Buhary, Müslim, Ebu Dawud).
Jebrail aleýhisselam Pygamberimize Dyhýe atly sahabanyñ şekilinde görnüpdir, kä wagt bolsa, nätanyş adamyñ şekilinde gelipdir. Hezreti Merýeme bolsa, ynsan şekilinde görnüpdir, (Merýem, 16-17). Hezreti Ibrahime ogly Ishaky buşlamak üçin, onuñ ýanyna birtopar melek ynsan şekilinde gelipdir. Ol bolsa myhmandyr öýdüp, bular üçin nahar taýýarlaýar. Yöne olaryň iýmeýändigini görende gorkýar. Soňra olaryň melekdigini aňýar, (Hud, 69-70).
Meleklerin ýaradylyş maksady
Allahutagala hiç kime, hiç zada, hiç bir ýardama mätäç däldir. Ol Sameddir, ýagny, her bir zat Oňa mätäçdir, ýöne Ol hiç zada mätäç däldir. Melekler bolsa Allahutagalanyň emrlerine, dolandyryşyna gözegçilik edýärler. Tekwini (ýaradylyş we tebigat) kanunlarda Allahutagalanyň emrlerine wekilçilik edýärler we olary alkyşlaýarlar.
Ynsan bilen meleklerin gatnaşygy
Ynsanyň melekler bilen, ýa-da, melekleriň ynsan bilen gatnaşygy ynsan ene göwresindekä başlaýar. Bir hadysy şerifde bu barada şeýle maglumat berilýär: «Allah bir melegi ene göwresine esewan bolmagy tabşyrar. Şol melek ene göwresinde çaga galmagy bilen her döwürde Rabbine ýüzlenip: «Rabbim şu wagt «alak» (lagtalanan gan), «Rabbim şu wagt «mudga» (düwünçek), diýýär.
Allahutagala şol düwünçegi ýaratmagy myrat edende, melek: «Rabbim, bu erkek bolsunmy, ýa gyz, şaky (azaşan, ýalançy) bolsunmy, ýa-da, said? (Allahyň ryzasyny gazanan, dogruçyl). Ryzky näme? Ajaly näme?» diýip soraýar. Bularyň ählisi kişi ene göwresindekä ýazylýar». Şuňa meňzeş hadyslarda düşündirilýän ýazmak işi, Lewhi Mahfuzda bar bolan maglumatyň melek tarapyndan täzeden matlaýa göçürilmegi diýmekdir.
Şuny hiç haçan unutmaly däldir: Ahyretde melekleriň özüne dost bolanyny isleýänler, dünýädekä olar bilen dost bolmaga çalyşmalydyr. Bu taýda başlanan dostluk o taýda dowam eder. Iman bilen gatnaşygyny berkitmedik, ahyretde olardan asla ýakynlyga garaşmasyn.
Ahyret dünýä durmuşynyñ başga bir âlemde, başga bir ölçegde dowamy bolşy ýaly, melekler bilen o taýdaky dostluk hem İpi dünýädäki dostlukdan başga zat däldir. Meselem: Namazda sag ™ we çepindäki melek bilen salamlaşyp duran ynsany, elbetde, ahyretde şol melekler dosty hökmünde tapar. Yöne şol wagt salam bermek gezegi olaryñkydyr.
Meleklerin sany we olaryň gömüşleri
Meleklerin sanyny diñe Allah biler. Kur’anda we hadyslarda meleklerin sany hakynda anyk maglumat ýokdyr. Kur’anda we hadyslarda bildirilen käbir melekler şulardyr:
Jibril ýa-da Jebrail (a.s.)
Jebrail, pygamberlere wahý getiren melek bolup «ynamdar ruh» manysynda Ruhul Emin diýlip tanalýar. Meleklerin iñ beýigi, belent mertebelisi we Allaha iñ ýakyny bolany üçin Jebrail aleýhisselama Seýýidül Melaike hem diýilýär.
Mikail
Älemdäki tebigat hadysalaryna ýolbaşçylyk edýär, ýaradylanlaryñ ryzklaryny eýelerine ýetirýär. Jibril ýaly Pygamberimize iñ ýakyn meleklerden biridir. Hadysy şerifde Pygamberimiz bu barada şeýle aýdýar: «Meniñ ýer ählinden iki wezirim, gök ählinden hem iki wezirim bardyr. Ýerdäki wezirlerim Ebu Bekir bilen Omar. Gökdäki wezirlerim bolsa, Jebrail bilen Mkaildir», (Tirmizi).
Israfil
Israfiliñ wezipesi sur çalmakdyr. Ol sury iki gezek çaljakdyr. Birinjisinde kyýamat gopar, ikinjisinde täzeden diriliş bolar. israfil aleýhisselam ýaradylan gününden bäri, Allahutagaladan: «Sury çal!» diýen emre intizardyr. Israfil aleýhisselam hem Allaha in ýakyn dört melekden biridir. israfil hem Jibril ýaly Pygamberimizin sadyk dostudyr.
Azrail
Ölüm müddeti yetende, dirilerin janyny alýandygy üçin «Melekül mewt» – ölüm melegi diýip tanalýar.Ynsan bir melegiñ ýoldaş bolmagy arkaly durmuşa ilkinji ädimini ädişi ýaly, ahyret âlemine tarap hem ýene bir melegiñ ýoldaş bolmagy arkaly ätlär. Hemralyk wezipesini hem Azrail aleýhisselam ýerine ýetirýär.
Kiramen Kâtibin
Ynsanyñ sagynda we çepinde bolan iki melegiñ adydyr. Sagdaky melek ýagşylyklary, çepdäki melek erbetlikleri ýazar. Bu melekler kyýamat güni hasap wagtynda edilen işlere şaýatlyk etjekdir. Kur’any Kerimde bu melekler barada şeýle aýdylýar: «iki melek sagyñyzda we çepiñizde oturyp, ähli edenlerinizi ýazýarlar. Ynsan bir söz aýtsa, oña gözegçilik edýän melek ýazmak üçin ýanynda häzir bolar» (Kaf, 17-18).
Hadyslaryñ beýanyna görä, gul bir günä iş edende, çepdäki melek derhal ony ýazjak bolar. Sagdaky melek bolsa oña: «Biraz garaş, belki gul toba eder, puşman eder ýa-da bir ýagşylyk edip, günäsini ýuwar» diýer.
Münker we Nekir
Ölümden soñ gabyrda sowal sorajak iki melekdir. Münker we Nekirjaýlanan kişä hiç görülmedik şekilde görnüp, şu sowallary sorar: «Rabbiñ kim?», «Pygamberiñ kim?», «Diniñ haýsy din?».
Merhumdan aljak jogaplaryna görä, oña ýagşy ýa-da erbet dararlar.
Hafaza (goraýjy) melekleri
Bu melekler ynsany her dürli bela we musybatlardan goraýar. Bu ýagdaý aýatda şeýle düşündirilýär:
«Goraýjysy, gözegçisi (melegi) bolmadyk kişi ýokdur», (Taryk, 4). Başga bir aýatda: «Her bir ynsanyñ önünden we arkasyndan İpi gözegçilik edýän melekler bardyr. Ony Allahyñ emri bilen goraýarlar» (Ra’d, 11). Taberaniniñ rowaýat eden bir hadysynda bolsa ynsana 360 melegiñ gözegçilik edip, ony goraýandygy aýdylýar, (Suýuti, «Dürrül Mensur»).
