Hasap-sowal
Adamlar amal depderlerini ellerine alanlaryndan soñ, Allahutagala tarapyndan hasaba çagyrylar. Hasap soralanda amal depderlerinden başga, ynsanyñ beden agzalary we Ýer ýüzündäki barça barlyk onuñ edenlerine şaýatlyk eder. Şol gün Pygamberimiziñ hadyslarynda aýdylyşyna görä, bäş zatdan hasap soralar: Ömrüñi nirede geçirdiñ? Ýaşlygyñy nämä bagyşladyñ? Malyñy nireden gazanyp, nirä harçladyñ? Öwrenen ylmyñ bilen nähili amal etdiñ? Bedeniñi, saglygyñy nämä sarp etdiñ? (Tirmizi).
Mizan
Mizan – Magşar güni her kesin amalyny çekmek üçin ýaradylan adalat terezisidir. Şonuñ bilen ynsanyñ ýagşylyk we ýamanlyklary ölçener. Allahutagala mizanda amallary çekende, sogabynyñ günäden agdyklygyna görä höküm berer. Sogaby günäsinden agyr gelenlerjennete, ýeñil gelenlerjähenneme äkidiler. Jähenneme äkidilen günäkär mü’minler jezalaryny çekenlerinden soñ, jennete dolanar. Mizan hakynda Kur’anda şeýle buýrulýar.
«Kyýamat güni adalat terezilerini gurarys. Hiç kime hiç hili görnüşde adalatsyzlyk edilmez. Her kim hardal dänesi ýaly bolsa-da eden işi terezide çekiler. Hasap soraýan hökmünde Biz ýeterlikdiris», (Enbiýa, 47).
Başga bir aýatda: «Indi kim zerre agyrlygyça haýyr iş eden bolsa, ony görer, kim zerre agyrlygyça günä iş eden bolsa, ony-da görer», (Zilzal, 7-8).
Syrat
Syrat – jähennemiñ üstünden gurlan, geçilmegi kyn bolan köprüdir. Her kim bu köprüden geçmelidir. Mü’minler eden amallaryna, iman kuwwatyna we nuruna görä, bu taýdan dürli tizlikde geçerler. Käfirler we günäkärler bolsa, aýaklary taýyp dowzaha gaçarlar. Syratyñ nähilidigi hakynda anyk maglumat ýokdur. Pygamberimiz bir hadysyndajähennemiñ üstünde gurlan syratdan ilki geçeniñ özi we ymmaty boljakdygyny, her kimiñ geçiş tizliginiñ iman nuruna görä üýtgejekdigini, käbiriniñ göz açyp ýumasy pursat, käbiriniñ ýyldyrym, käbiriniñ bulut, käbiriniñ süýnen ýyldyz, käbiriniñ bedew at ýaly geçip gitjekdigini belleýär, (Buhary, Müslim, Ibni Maje).
Jähennem
Jähennem – çuñ, gurruk guýy manysyny berýär. Jähennem ahyretde käfirleriñ hemişelik, günäkär mü’minleriñ bolsa günälerine görä, jeza çekip ýaşajak azap ýeridir. Jähennemiñ ýaradylmagy hakdyr. Allahyñ adalatynyñ nusgasydyr. Meselem: Bir ülkede zyndan bolmasa, ýöne bir jenaýatkär ençeme jenaýat edip halka, adamlara zor salsa, şol ülkäniñ ýolbaşçysy diñe şol bir adam üçin zyndan saldyrmaly bolar. Bu mysalda bolşy ýaly, käfiriñ jenaýatynyñ magnewi taýdan çäksizligi jähenneme zerurlyk döredýär. Şeýle hem, eger-de käfir dünýäde ebedi ýaşan bolsa hemişe küfür içinde ömür sürerdi. Şol sebäpli ol jähennemde-de ebedi galmaly bolar.
Jennet
«Jennet» sözi – bag-bakja, köşk diýen manyny berýär.
Jennet – akyla, hyýala sygmajak maddy we ruhy nygmatlar bilen bezelen, mü’minleriñ ebedi ýaşajak ahyret ýurdudyr. Allahutagalajennetde her mü’mini iman derejesine, amalyna görä belli-belli mertebelere göterer.
Kur’any Kerimjenneti we jennetileri şeýle suratlandyrýar:
Jennet – gowrujy yssynyñ we doñduyjy sowugyñ bolmaýan, gökler bilen ýer aralygy ýaly giñ ýerdir. Arassa suw, tagamy üýtgemedik süýt we bal derýalarynyñ akyp duran ýeridir. Jennetde suwy zenjefil bilen yslandyrylan datly suw gözbaşlary, müşki anbar ysyny saçýan içgiler bardyr, jennet içgisi kelle agyrtmaýan, serhoş etmeýän, içenlere keýp berýän dury gözbaşdan çykýan içgidir. Ol içenleri günä işe iteklemez, samratmaz. Jennetde dürli miweler, hurma we nar baglary, tikensiz sedir agaçlary, hoşalary sallanyp duran banan agaçlary, dürli guş etleri boldur.
Jennetileriñ eşikleri ýuka we berk, arassa ýüpekdendir, köşkleri bezeglidir, olara hyzmat etmek üçin ýaşlar aýlanyp durar. Olar saýlanan hünji ýaly gözeldir. Ol hyzmatçylar elleri altyn käseli, mejimeli aýlanarlar. Jennetileriñ göwünleriniñ islän zady ol ýerde taýyndyr. Jennetde olar üçin akdyrylan derýalar, salnan köşkler bardyr. Owadan, arassa ýanýoldaşlar bardyr. Jennetiler ýanýoldaşlary bilenjennetiñ saýalarynda gurlan tagtlarynda ýaplanyp oturarlar. Olaryñ ýüreklerinden öýke-kine ýuwlup aýrylar, dogan bolup ýaşarlar. Ol ýerde ýadawlyk, zähmet ýokdur. Boş we ýalan söz hem eşidilmez.



