«Pygamber» sözi pars sözi bolup, «habar äkidýän» we «ilçi» diýen manylary berýär. Dinde añladýan manysy emr we gadaganlyklary ynsana teblig etmek we hidaýet ýoluny görkezmek üçin Allahyñ gullarynyñ arasyndan saýlan ilçilerine pygamber diýilýär. Kur’any Kerimde Allahyñ wezipe beren pygamberleri «resul», «mürsel» we «nebi» sözleri bilen düşündirilýär. Özüne täze bir kitap we şerigat berlen pygamberlere «Resul», öñki geçen pygamberiñ kitap we şerigatyny ymmatyna ýetirmek üçin iberilen pygamberlere bolsa «Nebi» diýilýär. «Risalet» we «nübüwwet» sözleri pygamberlik manysyny berýär.
Pygamberlik Allahyň lutufwe yhsanydyr. Tagat-ybadat, yhlas we gaýrat bilen şol mertebä yetip bolmaýar. Allahutagala pygamberlik ýüküni göterip biljegi we oňa laýyk ynsany bilip, islänini saýlaýandyr. Bu meselede mal-mülk, şan-şöhrat we wezipäniň täsiri ýokdur.
Pygamberlik Hezreti Adam ata bilen başlanyp Hezreti Muhammet (sallahu aleýhi wesellem) bilen gutarýar. «Biz Allahyň pygamberlerinden hiç birini beýlekisinden tapawutlandyrmarys», (Bakara, 285), aýaty Allaha ynanan bir ynsana aralarynda tapawut goýmazdan pygamberleriň ahisine ynanmagy parzdyr.
Pygamberleriñ iberilmeginiñ maksady
Ynsanyň ýaradylyp, bu dünýä iberilmeginiň maksady we hikmeti älemiň Ýaradyjysyny tanamak, Oňa iman getirip ybadat etmekdir. Ynsan özüniň we älemiň bir Ýaradyjysynyň bardygyna akyl ýetirip biler, ýöne näme üçin ýaradylandygyny, Allaha nähili ybadat etmelidigini, Onyň ryzasyny nädip gazanmalydygyny bilmez. Şonuň üçin pygamberlere zerurlyk bardyr.
«Biz seni Allahyň rahmeti bilen buşlaýjy we azaby bilen gorkuzyjy hökmünde hak din bilen iberdik. Her bir ymmat üçin hem olaryň arasyndan hökman bir oýaryjy pygamber iberendiris» (Fatyr, 24). Başga bir aýatda: «Allaha kasam bolsun, Biz senden öňki ymmatlara hem pygamber iberendiris», (Nahl, 63; Ýunus 47) aýatlary, Allah tarapyndan her bir millete, ymmata, taýpa olary ilahi azapdan gorkuzýan, dogry ýola çagyrýan bir pygamberiň iberilendigini görkezýär.
Her pygamber ynsany dine ynandyrmak üçin, ynanmaýanlarada bahana galmaz ýaly mugyza bilen gelendir. Her ymmat öz pygamberinden ençeme mugyzalary gözi bilen görendir hem eşidendir. Biz hem Hezreti Muhammede (sallallahu aleýhi weselleme) degişli müňlerçe mugyzalary eşitdik we Kur’an ýaly ebedi mugyzany elmydam görýäris. Mundan soň, hiç kimiň garşy gitmäge haky ýokdur. Allah ynanmagymyzy isleýän hakykatlaryny, hemişe goldaw berýän pygamberleriniñ üsti bilen aç-açan we äşgär İpi görkezipdir. Bu olaryñ iberiliş maksatlarynyñ biridir. Iñ ähmiýetli tarapy hem Allahutagala: “Biz pygamber ibermedik ýagdaýymyzda azap bermeris”, (Isra, 15) diýýär. Diýmek, pygamberler iberilendigi üçin, mizan we tereziler guruljakdyr. Hiç kmiñ bahanasyna bakman, her kesden hasap soraljakdyr.
Pygamberleriñ sany
Ilkinji pygamber Hezreti Adam atadyr (a.s.). Iñ soñky pygamber bolsa, hezreti Muhammet Mustafadyr (s.a.w.). Bu ikisinin aralygynda ençeme pygamberler gelip geçipdir. Olaryñ sany barada Kur’any Kerimde anyk maglumat berilmeýär. Yöne bir aýatda:
«Kasam bolsun, senden öñ hem pygamberler iberdik. Olaryñ arasynda saña kyssalaryny habar berenlerimiz hem bar, bermediklerimiz hem bar», (Mü’min, 78) diýilýär. Pygamberimiziñ hadyslarynda bolsa, bir rowaýata görä: 124 müñ, başga birine görä 224 müñ pygamberiñ gelip-geçendigi, 313 sanysynyñ hem resuldygy barada aýdylýar, (Ahmet b. Hanbel,”Müsned”). Bu rowaýatlardaky sanlar biri-birinden ýüz müñ töweregi tapawut edýär. Bularyñ islendigini kabul etsek, ýüz müñ kişini pygamber saýyp, ýa-da pygamber bolany pygamber däl diýmegimiz mümkin. Şeýle hem pygamberdigi anyk belli bolmadyklar barada “pygamberdi, pygamber däldi” diýip jedel etmek hem ýalñyşdyr. Bu meselede iñ dogrusy Allahyñ iberen pygamberleriniñ ählisine ynandym diýmekdir.
Kur’any Kerimde ady tutulan pygamberler şulardyr:
1.Hezreti Adem (a.s.),
2.Hezreti Idris (a.s.),
3.Hezreti Nuh (a.s.),
4.Hezreti Hud (a.s.),
5.Hezreti Salyh (a.s.),
6.Hezreti ibrahim (a.s.),
7.Hezreti Lut (a.s.),
8.Hezreti Ismail (a.s.),
9.Hezreti Ishak (a.s.),
10.Hezreti Ýakup (a.s.),
11.Hezreti Ýusuf (a.s.),
12.Hezreti Şu’aýb (a.s.),
13.Hezreti Eýýup (a.s.),
14.Hezreti Musa (a.s.),
15.Hezreti Harun (a.s.),
16.Hezreti Dawut (a.s.),
17.Hezreti Süleyman (a.s.),
18.Hezreti Ýunus (a.s.),
19.Hezreti Ylýas (a.s.),
20.Hezreti Elýase (a.s.),
21.Hezreti Zülkifil (a.s.),
22.Hezreti Ýahýa (a.s.),
23.Hezreti Zekeriýa (a.s.),
24.Hezreti Isa (a.s.),
25.Hezreti Muhammet Mustafa (s.a.w.).
Kur’any Kerimde atlary tutulan Uzeýriñ, Lukmanyñ we Zülkarneýniñ pygamberdigi ýa-da däldigi hakynda anyk höküm ýok. Olaryñ salyh ynsan bolandygy belli bolsa-da, pygamberdigi barada anyk aýdylmaýar. Kur’anda ady tutulmasa-da, pygamberdigi giñden aýdylanlar bolsa şulardyr: Şit, Ýuşa, Jerjis, Danýal.
Pygamberleriñ derejeleri
«Ynha, bu pygamberlerden käbirini beýlekilerden üstün kyldyk. Allah olaryñ käbiri bilen gürleşipdir, käbirini bolsa derejeler bilen beýgeldipdir», (Bakara, 253), aýatynda, ähli pygamberleriñ pygamber bolmak taýyndan deñdigi ýöne, pygamberleriñ derejeleriniñ tapawutlydygy aýdylýar:
Kur’any Kerimde derejesi ýokary bolan pygamberlere «Ulül Azm pygamberler» diýilýär. Ulül Azm pygamberler bäş sanydyr. Olaryñ iñ beýigi älemlere rahmet edilip iberilen we Hatemül enbiýa bolan Hezreti Muhammet Mustafadyr (sallallahu aleýhi wesellem). Beýlekiler dünýä gelmek nobatyna görä, Hezreti Nuh (a.s.), Hezreti ibrahim (a.s.), Hezreti Musa (a.s.) we Hezreti Isadyr (a.s.).

Leave a Reply