Din – Allah tarapyndan esaslandyrylan kanundyr. Ol ynsana ýaradylyş maksadyny, barlygynyñ hikmetini bildirýâr, Beýik Yaradanyñ öñünde nâhili ybadat etmelidigini öwredýâr.
Din – her bir ynsanyñ «Men kim? Nireden gelip, nirâ barýaryn?» diýen sowallaryna kanagatlandyryjy jogap berýân ýeke-tâk çeşmedir.
Din – akylly kişilere ýaradylyş maksadyny bildirýân, olary öz erk-eradasy bilen Allahyñ Resulynyñ dogry ýol görkezmegi esasynda ýagşylyga, rahatlyga, sagadata, salamata we kâmillige, ösüşe ugrukdyrýan, şeýle hem olaryñ maddy we ruhy zerurlyklaryny üpjün edýân ilahi kanunlaryñ kodeksi diýmekdir. Başgaça aýdylanda: din – erk-erada eýesi bolan barlyklaryñ manewi, sosial, dolandyryş, ykdysady we duýgy taýdan tutuş durmuşlaryny düzgüne salmak üçin ynsanyñ bilip we islâp tabyn bolan düzgünlerinin toplumydyr.
Ynsan dini pygamberlerden öwrenipdir. Pygamberler bolsa, wahý üsti bilen Allahdan alýan dini hökümleri bolşy ýaly adamzada ýaýradypdyr. Görşüñiz ýaly, diniñ hakyky eýesi Allahutagaladyr. Pygamberler bolsa diniñ hökümlerini adamzada ýetirýân ilçidir.
Hormatly musulman dogan!
Eliñizdâki bu sahypa her bir musulmanyñ gündelik durmuşynda bilip amal etmeli parz borçlary baradadyr. Inşaallah, bu kitap her birinize aýratyn ýol görkeziji, bir mugallym we maslahatçy bolar diýen umyt bilen size hödürlemegi borç hasap edýâris.
Şeýle hem sahypamyzda towhyd ynanjymyzyñ esasy bolan Alla kelemesini «Allah», dinimizin esasy çeşmesi bolan Gurhan sözüni «Kur’an», ybadat mekanymyz bolan metjit sözini bolsa «mesjid» şeklinde arapça aslyna laýyk edip dogrusyny ulanmagy makul bildik. Çünki «lafyzlar manalaryñ galyplarydyr» ýagny, sözlerin fonetik aýratynlygy olaryñ many gönezligidir. Ybadat edende Kur’anyñ sözlerini elbetde dogry görnüşde okamak namazyñ dürs bolmagynyñ şertidir. Eger-de Kur’anyñ sözleri namaz okanyñda many üýtgejek görnüşde ýoýulyp okalsa namaz bozular. Mysal üçin: «Mesjidil harama» sözi «Metjidil haram» şeklinde, aýat içinde geçen «Kur’an» sözi «Gurhan» şeklinde, «Allah» sözi bolsa «Alla» şeklinde soñundaky «h» sesi aýdylmazdan okalsa, «Fiddünýâ» deregine «Piddünýâ», «Ibrahime» deregine «Ybraýyma» diýilse namaz bozular.
Aýratyn hem dilimize ýoýlup ornaşan târet sözüni «taharet», nepil sözüni «nafile» sözi bilen bilelikde bermegi dogry hasap etdik. Tutuş türkmen halkymyza düşümli bolsun!

Leave a Reply