Orazalynyň iki begenji bardyr. Biri iftar wagtynda-agzyny açandaky begenji,
beýlekisi bolsa Rabbine gowşan wagty oraza sylagy bilen sylaglanan wagtyndaky begenjidir.
(Buhary, Müslim)
1. Oraza
«Oraza» imsak wagtyndan (agyz beklenýän wagtdan) iňar (agzaçar) wagtyna çenli ýagny, fejri sadykdan (dan atmazynyñ öñ ýany) başlap, tä Gün ýaşýança aralykda hiç zat iýmän-içmän, jynsy gatnaşyk etmän, öz nebsiñi saklamak diýmekdir.
Oraza tutmak yslamyñ bäş esasyndan biridir. Oraza hijretiñ ikinji ýyly, şaban (meret) aýynyñ onunjy güni Kur’any Kerimin şu aýaty bilen parz kylynýar:
«Eý, iman getirenler! Siz takwa bolarsyñyz diýip, Sizden ozalky ymmatlara parz edilişi ýaly, size hem oraza tutmak parz edildi», (Bakara, 183).
Oraza hem namaz ýaly, beden bilen amal edilýän ybadatdyr. Orazanyñ Allah dergähinde gadyr-gymmatynyñ örän beýikdigi bir kudsy hadysda şeýle beýan edilýär: «Her ýagşy amala on esseden ýedi ýüz essä çenli sogap bardyr. Ýöne orazanyñ sogaby bu ölçegden has ýokarydyr. Çünki, ol Meniñ üçindir. Onuñ sylagyny diñe Men bererin», (Tirmizi). Bu hadysa görä, her haýyr we ybadat üçin on haseneden (ýagşylyk) ýedi ýüz hasenä çenli sogap berilýär. Ýöne oraza üçin sogabyñ mukdary çäklendirilmändir. Onuñ sylagyny bellemekligi Allahutagala perişdelerine tabşyrman, hut öz Zaty Akdesinde saklapdyr. Şol sebäpli, mü’minler tutan orazalary üçin, kyýamat güni garaşylmaýan mukdardaky uly sogaplary alar. Resuly Ekrem muña şeýle yşarat edýär: «…Orazalynyñ iki begenji bardyr. Biri iňar wagtynda – agzyny açandaky begenji, beýlekisi bolsa, Rabbine gowşan wagty oraza sylagy bilen sylaglanan pursatyndaky begenjidir», (Buhary, Müslim).
Bu mübärek aýda oraza tutmakdan başga Kur’an okamak, sadakalar paýlamak, başgalara agyz açdyrmak ýaly salyh amallaryñ hem sogabynyñ gat-gat boljakdygy, Pygamberimiz tarapyndan bize habar berlipdir: «Kim bir orazala agyz açdyrsa, özüne onuñ sogabyça sogap ýazylar. Üstesine agyz bekleýäniñ sogabyndan hem hiç zat kemelmez», (Tirmizi, Ibn Maje), hadysy muña mysaldyr.
Orazanyň hikmetleri we peýdalary
Beýleki ybadatlarda bolşy ýaly orazanyň parz kylnyşynyň hem bir giden hikmet we peýdasy bardyr. Oraza ybadatynyň iň esasy aýratynlygy: ynsany erbetlikden saklamagy, nebsiň dürli ham-hyýallaryny jylawlamagydyr. Arassa bir musulmanyň eden günäleri we goýberen hatadyr ýalňyşlary onyň kalbyny hemişe birahat eder. Pygamberimiziň şu hadysy onuň endişesini ýeňleder we kalbyny rahatlandyrar: «Kim ynanyp, sogabyny Allahdan tama edip, remezan orazasyny tutsa, öňki günäleri bagyşlanar», (Buhary) diýilýär.
Oraza arkaly nebsiň tebigatyna doly düşünen ynsan akmaklygyny, tekepbirligini, nebsine tabynlygyny taşlap, hakyky wezipesi bolan şüküre we gulluk borjuna tabyn bolar. Erbet ahlakdan, günä we pis pişelerden saklanýar.
Oraza, Allahutagalanyň ýaradan san-sajaksyz nygmatlaryna şükürdir. Oraza – baý kişiniň garyp adamyň halyna düşünmegine sebäp bolýan külli ybadatdyr. Oraza arkaly maddy taýdan hiç hili müşgili bolmadyk, näz-nygmatdan doly suprada iýip-içip, bol-elin ýaşaýan, gurply baý açlyk, garyplyk, ýoksullyk gysajynda ýaşaýanlaryň hal-ýagdaýyna düşüner we özi ýaly ynsan bolan garybyň derdine höwes bilen ýardam eder. Şeýlelikde jemgyýetde asudalyk, parahatlyk öz-özünden ornaşar.
Orazanyň beden saglygy üçin ähmiýetini Pygamberimiz hadysy şeriflerinde şeýle beýan edýär: «Oraza tutuň, bedeniňiz berk we sagdyn bolsun», («et-Tergib wet-Terhib»). Çünki bir ýylyň dowamynda dürli nahar bilen agram salynýan iýmit siňdirji organlara dynç almaga, täzeden öňki kaddyna gelmäge mümkinçilik döreýär. Şeýle hem oraza bedeniň açlyga-suwsuzlyga garşy durmak güýjüni artdyrýar. Bu ynsanyň gytçylyk, açlyk, uruş ýaly zerury kynçylyklara çydamlylygyny-da ösdürýär.
Oraza günälere garşy galkandyr. Ol ynsanyň bedeni arzuwlaryny çäklendirip bilmek ukybyny ösdürýär. Şeýlelik bilen, ynsan agzybekli däl wagty hem her hili ýaramaz arzuw we meýilleriň öňüni almagy, halal we arassa ýaşamagy öwrenýär. Pygamberimiz şu hadysy bilen bu meseläni şeýle nygtaýar: «Kim mana iki enek we satan arasyny gorajaklygyna kepil geçse, men onuñ jennete girjegine kepil geçerin», (Buhary).
Oraza tygşytly ýaşamagy öwredýän iñ möhüm düzgündir. Islän wagty, islän zadyny almaga endik eden kişi oraza wagty özüni saklamaga mejbur bolýar. Bu bolsa oña tygşytlylyk getirýär.
Hawa, jemläp aýtjak bolsak, oraza diñe iýmek-içmek we jynsy gatnaşykdan saklanmak diýmek däldir. Hakyky oraza ynsanyñ maddy we ruhy agzalarynyñ ählisiniñ oraza tutmagydyr. Diliñ gybat etmezligi, hapa söz aýtmazlygy, gözüñ harama bakmazlygy, gulagyñ haram sözi eşitmezligi, kalbyñ erbet oý-pikir etmezligi muña mysaldyr. Aslynda, musulman ömürboýy şeýle ýaşamalydyr.
Bu dünýä ynsanyñ ahyretini gazanmagy üçin ekin meýdany, söwda bazarydyr. Oraza aýy bolan Remezany şerif ynsanyñ ahyret söwdasyny etmegi üçin bähbitli pursatdyr. Çünki, Remezany şerifde bir amala müñ sogap bardyr. Remezany şerifiñ jumgalarynda has hem köp, Gadyr gijesinde bolsa her haýr işiñ sogaby otuz müñe çenli ýetýär.

