Category: Sorag-Jogap

  • Remezanda bilgeşleýin oraza tutmazlygyň hökümi näme?

    Remezanda bilgeşleýin oraza tutmazlygyň hökümi näme?

    Remezanda bilgeşleýin oraza tutmazlygyň hökümi diňe sypdyrylan orazanyň kazasyny tutmakmy, ýa-da keffara jezasyny çekmekmi? Mysal üçin, bir hepde oraza tutup, soňra selärlige turup bilmändigi üçin bir gün oraza tutmaga niýet etmeýän adamyň hökümi nähili?


    Eger kimdir biri parz bolan orazany sebäpsiz ýere tutmasa, uly günä etmiş bolar. Selärlige turup bilmezlik ýaly ýagdaýlar dinde kabul edilýän sebäp hasaplanmaz.

    Şeýle-de bolsa, eger kimdir biri öňki gijesi oraza tutmajagyna karar berip tutmasa, oňa keffara jezasy gerek däldir — şol günüň kazasyny soňra tutmagy ýeterlikdir. Keffara jezasy diňe niýet edilip başlanan orazanyň bilgeşleýin bozulan ýagdaýynda wajyp bolýar.

    Yslam fykhy taýdan şeýle bolsa-da, her bir musulman Remezan orazasyny ýerine ýetirmekde nefsiniň isleglerine boýun egmezlige çalyşmalydyr. Sebäbi bu — her kişiniň Beýik Allahyň öňündäki mukaddes borjudyr.

    Gurhanda we hadyslarda Remezan orazasynyň ähmiýeti şeýle nygtalýar:

    “Kim Remezanda sogabyna ynanyp we sogabyny Allahdan umyt edip agyz beklese, onuň geçmiş günäleri bagyşlanar.” (Buhari, Iman 28; Muslim, Salat al-Musafirin 176)

    “Adamzadyň orazadan başga her bir amaly özi üçindir. Oraza bolsa Meniň üçindir we Men ony Özüm sylaglaryn.” (Buhari, Sawm 9; Muslim, Siýam 163)

    “Oraza tutýan adam iýmekden, içmekden we şöhwetden diňe Meniň üçin saklanýar. Şonuň üçin Men ony sylaglaryn. Ýagşylygyň sylagy on essedir.” (Buhari, Sawm 2)

    Oraza Yslamda iň möhüm ybadatlaryň biridir. Gurhanyň köp aýatlarynda oraza tutmagyň wajyplygy nygtalýar we belli günäler üçin keffara hökmünde agyr jezalar bellenilýär: käbir günäler üçin 60 günlük, beýlekileri üçin bolsa 3 günlük keffara oraza tutmak tabşyrylýar. Oraza günäleri ýuwýan, adamy arassalaýan we ruhy taýdan belende galdyrýan mukaddes ybadatdyr.

    Gysgaça aýdylanda, musulmanyň diniň ykrar eden sebäplerinden başga bahana bilen Remezan orazasyny tutmazlygy uly günädyr. Oraza tutmagy öňünden niýet etsin ýa-da etmesin, sebäpsiz tutmazlyk — Allahyň öňündäki borjuny ýerine ýetirmezlikdir. Şonuň üçin “Oraza tutmagy niýet etmese, keffara gerek däldir, diýmek bu uly günä däldir” diýen düşünje nädogrudyr we dini taýdan ýalňyş baha bermekdir.

  • Sünnete görä, ilki agzaçar etmelimi ýa-da ilki agşam namazyny okamalymy?

    Sünnete görä, ilki agzaçar etmelimi ýa-da ilki agşam namazyny okamalymy?

    Agşam namazynyň wagty giren dessine agyz bekleýän adamyň agzyny açmagy sünnetdir. Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) namazdan öň birnäçe hurma bilen, eger hurma tapyp bilmese, birki ýudum suw bilen agzyny açardy. (Ebu Dawut, Sawm 21; Tirmizi, Sawm 10)

    Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) hadyslarynyň birinde şeýle buýurýar:

    “Adamlar agzaçary ir etmegi dowam etdigiçe, ýagşylyk ýolundadyrlar.” (Buhari, Sawm 45; Muslim, Siýam 48)

    Wagty gelende agyz bekleýän adamyň dessine agzyny açmagyny ündemegi, Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi we sellem) ymmata bolan rehim-şepagatyny açyk görkezýär. Şeýle hem, bu Allahyň çakylygyna howlukmagy we biperwaýlyga ýol bermezligi aňladýar. Şonuň üçin Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) ümmetini agzaçary dessine etmäge, hatda ony gözüniň nury bolan namazdan hem öň tutmaga höweslendirdi.

    Eger namaz wagty gelip, nahar eýýäm taýýar bolsa, adamyň dykgaty iýmite gitmez we namazdaky yhlasy zyýan çekmez ýaly, ilki iýip, soňra namaz okamagyň has dogrudygy barada hadyslar hem bar. (Buhari, Azan 42; Muslim, Masajid 64–67)

    Bularyň hemmesine esaslanyp, şulary aýtmak bolar: Eger nahar taýýar bolsa, ony sowatmazlyk we namazda dykgaty doly jemlemek üçin ilki iýmek has dogrudyr. Eger nahar heniz taýýar bolmasa we uzak wagt aljakdygy çak edilse — bu sebäpli agşam namazy ep-esli gijikjek bolsa — ilki hurma ýaly ýeňil bir zat bilen agzaçar etmek, soňra namazy okamak we namazdan soň iftar naharyny iýmek has mynasybydyr. Nahary şoňa görä öňünden taýýarlap, namazy gijikdirmezlik gerekdir.

  • Orazany bozýan we bozmaýan zatlar

    Orazany bozýan we bozmaýan zatlar

    Oraza niýet edip tutmaga başlandan soñ, ony tamamlamak mükellefe borçdur. Şonuñ üçin meşrug bir sebäp bolmasa, başlanan orazany bozmak günädir. Iýip-içmek, jynsy gatnaşykda bolmak orazany bozýan zatlardyr. Bularyñ käbiri kaza, käbiri bolsa hem kaza, hem keffarreti zerur edýär.

    Kazany zerur edýän ýagdaýlar

    Kaza – hiç tutulmadyk parz ýa-da tutulmaga başlanyp, soñ bozulan Remezan orazasynyñ gününe deñ agyz beklemekdir.

    Orazany bozup diñe kazany zerur edýän ýagdaýlar şulardyr:

    1.   Orazaly kişi bişmedik miwe, tüwi, mäş, dary ýa-da ýag, çig hamyr, un, toprak ýa-da palçyk iýmek, daş, demir, gurşun,
    çigit, daşy gabykly pisse, badam ýaly bir tohumy ýuwutmak.

    2.   Gar, ýagyş damjasy agza düşen ýagdaýynda bilip ýuwutmak.

    3.   Orazaly kişi öz islegi bilen agyz dolysy gusmak. Eger gusmak zerurlygy dörände özüne erk edip bilmese, onda kaza gerek däldir.

    4.   Orazalydygyny bilip, bilgeşleýin däl-de, ýalñyşlyk bilen iýip-içmek, täret kylanda bogazyndan aşak suw gidirmek, ýa-da suwda ýüzýärkä suw ýuwutmak.

    5.   Orazalydygyňy unudyp iýip-içeniñden soñ: «Orazam bozuldy» diýip iýmegiñi dowam etdirmek.

    6.   Jynsy şehweti meşrug däl ýollar arkaly kanagatlandyrmak.

    7.   Agzyna sähelçe gusuk gelen, ýa-da gybat edenden soñ, gan aldyranyñdan soñ, ýa-da şehwet bilen öpüşeninden soñ, ýa-da ihtilam bolandan soñ orazasy bozulandyr öýdüp iýip-içmek.

    8.   Derman ulanmak we sanjym etdirmek, bedene gan goýbermek, klizma etdirmek, burnuña, gulagyña derman, ýag damdyrmak. Ýöne gulaga giren suw, göze damdyrylan derman, bedene çalnan ýag ýa-da melhemler, demgysma keseliniñ garşysyna tozan şekilinde ulanylýan dermanlar (ingalýasiýa) we gan aldyrmak orazany bozmaýar.

    9.   Dişiñi sogurtmak hem orazany bozmaýar. Ýöne gan we dermandan hiç bir zat ýuwutmaly däldir.

    Orazany bozmayan zatlar

    1. Unudyp bir zat iýip-içmek ýa-da jynsy gatnaşykda bolmak.

    2. Agzyña suw alyp çaýkanyñdan soñ, agyzda galan nemiñ tüýkülik bilen ýuwdulmagy.

    3. Ynsanyñ burnundan agzyna gelen suwuklygy ýuwutmak.

    4. Howada dargan tüsse, tozan, üwelýän ýa-da ýenjilýän bir zadyñ tozany, uçup barýan siñegiñ burna ýa-da bogazyña gitmegi.

    5. Dişleriñ arasynda galan nohut ululygyndan kiçi nahar galyndysy, agyz dolusy gakylyk we dişleriñ arasyndan çykan gan bogaza gidip, aşgazana ýetmejek mukdarda az bolsa, orazany bozmaýar. Tüýkülik köp, gan az bolan ýagdaýynda hem höküm üýtgemeýär. Ýöne gan tüýkülik bilen deñ ýa-da artyk bolup, tagamy duýulsa, ýuwdulanda oraza bozulýar.

    6. Gözýaş, ýa-da der bir-iki damja ýaly az mukdarda agza girse, orazany bozmaz. Ýöne tagamy agyzda doly duýuljak derejede köp bolup, orazalydygyñ ýadyñdaka ýuwdulsa, oraza bozulýar.

    Kazany hem keffareti zerur edýän hallar

    Remezan orazasyndan başga hiç bir oraza bozulany üçin keffaret gerek däldir. Parz bolan remezan orazasyna niýet edenden soñ iýip-içmek, jynsy gatnaşykda bolmak, şeýle hem çilim we şoña meñzeş bir zady ýakyp tüssesini sormak, nas atmak, çig et, iç ýag, az mukdarda duz iýmek ýaly, keýp we lezzet berýän adaty zatlary iýip-içmek, amal etmek kaza hem-de keffaret orazasyny tutmagy zerur edýär.

    Keffaret, oraza tutmazlygyñ däl-de, tutulan orazanyñ bilgeşleýin bozulmagynyñ jezasydyr. Şonuñ üçin remezany şerifde oraza tutmaga hiç niýet etmedik biri tutmadyk günlerini diñe kaza edýär. Ýöne «niýet etmeseñ keffaret gerek däl eken» diýen düşünje bilen remezan orazasyny tutmazlyk diniñ esasy parzlaryndan biri bolan remezan orazasyny äsgermezçilik etmekdir. Bu uly günädir.

    Bir kişi bir remezan içinde ýa-da birnäçe remezanda sebäpsiz birnäçe gezek bilgeşleýin orazasyny bozan bolsa, bular üçin diñe bir keffaret ýeterlikdir. Sahyh görüş budur. Ýöne keffaret edeniñden soñ, täzeden orazany şol bir görnüşde bilgeşleýin bozan kişi, munuñ üçin aýratyn keffaret orazasyny tutmalydyr.

    Remezan orazasy bilgeşleýin bozulan wagty, haýz ýa-da nifas ýaly oraza tutmagy gadagan ýa-da mubah edýän bir ýagdaý ýüze çyksa, keffaret aýrylýar we diñe kaza borjy galýar. Oraza tutmaga päsgel berýän kesel dörän ýagdaýynda hem höküm şeýledir. Ýöne orazany bozanyñdan soñ öz islegiñ bilen, ýa-da zor bilen syýahata çykmak, ýa-da özüñe zor salyp kesel bolmak keffareti aýyrmaýar.

    Remezan orazasynyñ keffareti üç görnüşde ýerine ýetirilýär:

    1. Iki aý yzly-yzyna oraza tutmak.

    2. Altmyş garyby ertirine, agşamyna doýurmak.

    3. Gul azat etmek (bu häzirki döwürde öz güýjüni ýitiripdir).

  • REMEZAN ORAZASY KIMLERE PARZ?

    REMEZAN ORAZASY KIMLERE PARZ?

    Şu aýratynlyklary özünde jemleýän her bir ynsanyñ remezan orazasyny tutmagy parzdyr.

    1.Musulman bolmak.

    2.Akyly we huşu ýerinde bolmak

    3.Bulug ýaşyna ýeten bolmak.

    4.Oraza tutmaga güýji ýetmek we mukym bolmak

    Orazanyň dürs bolmagynyñ şertleri

    1. Niyet.

    Islendik oraza üçin kalbyňda niýet etmek ýeterlikdir. Niyetin dil bilen aýdylmagy mendupdyr. Mysal üçin Remezan orazasyna: «ertirki remezan orazasyny tutmaga niýet etdim» diýmek ýeterlikdir. Remezanyň her güni üçin aýratyn niýet gerekdir. Oraza üçin selällige turmak hem niýetdir.

    2. Haýz we nifasdan arassalanmak

    Haýz we nifas halyndaky aýalyň oraza tutmagy haramdyr, eger tutsa orazasy kabul däldir. Bu ýagdaýdaky aýal tutmadyk orazasyny arassa günleri kaza etmeli, namazyny bolsa, kaza etmeli däldir.

    Bir aýal heniz adaty dowam edýän wagty gije oraza niýet edip, fejirden öň arassalanjak bolsa, orazasy sahyh bolar. Jünüp we ihtilam (ukuda inin hapalanmagy) bolmak, orazanyň syhhatyna zyýan ýetirmez. Selällikden öň jynsy gatnaşykda bolup, gusul almaga ýetişip bilmedik kişi selälikden soň ýuwnup orazasyny tutmaly. Şeýle hem gündiz ukudaka ini hapalananyň orazasy bozulmaýar.

    REMEZAN ORAZASY TUTMAK MUBAH BOLAN UZURLAR

    Şu aşakdaky sebäpler netijesinde Remezan orazasy tutmazlyk ýa-da tutulan orazany açmak mubahdyr. Ýagny, kişiniň özygtyýarydyr:

    1. Sapar – ýolagçylyk

    Remezanda dinimize görä mysapyr bolan, ýagny, 90 kilometrden uzak aralyga ýolagçylyga çykan kişi gijeden oraza niýet etmän biler. Ýöne bir kişi oraza tutup başlandan soň, gündiz sapara çyksa, şol ilkinji gün orazasyny tutmagy dowam etmelidir. Muňa garamazdan, orazasyny bozsa, soñ diñe kazasyny tutmalydyr.

    2. Hassalyk

    Bir kişi oraza tutan ýagdaýynda ölmek, ýa-da derdinin beterlemegi, ýa-da akylyndan azaşmak howpy bar bolsa, oraza tutman biler. Agzybekli bolsa orazasyny açyp biler. Soñ ýagşy bolanda tutmadyk günlerinin diñe kazasyny tutsa bolar.

    Orazanyñ hassanyñ saglygy üçin howp döretjegi-döretmejegi barada ynanylýan, musulman lukmana ýüz tutulmalydyr we onuñ maslahatyna tabyn bolmalydyr.

    Oraza tutsa hassa boljakdygyna gözi ýetýän ýa-da ynamdar lukmanyñ maslahatyna daýanýan kişi hassa hökmündedir.

    3.Göwreli bolmak we çaga emdirmek

    Remezanda göwreli, ýa-da çaga emdirýän aýal özüne ýa-da çagasyna zyýan gelmeginden gorksa, oraza tutman biler. Ýöne soñ kazasy edilmelidir.

    4.Garrylyk

    Ýylyñ islendik paslynda oraza tutmakdan ejiz garrynyñ oraza tutmazlygy ijmag bilen jaýyzdyr. Ol orazasyny kaza etmese-de bolýar. Çünki, oraza tutup biljek ýagdaýda däldir. Ýöne tutmadyk her güni üçin bir ýoksuly ertirine-agşamyna doýurjak mukdarda fidýe bermelidir.

     5.Duşman bilen söweş

    Remezan aýynda söweş edýän yslam goşuny aç-suwsuzlykdan kynçylyk çekmez ýaly oraza tutman biler. Bular uruşdan soñ, kazasyny tutmalydyr.

    6.Zora düşmek

    Oraza tutýana zor salnan ýagdaýynda orazasyny bozup biler. Ýöne orazasyny bozmany üçin zulum edilip öldürilse günäkär bolmaz. Belki, uly sogap gazanyp, dinine wepalydygyny görkezer.

    7. Güýçli açlyk we suwsuzlyk

    Güýçli açlyk we suwsuzlykdan heläk boljagyndan, ýa-da akylyna zeper ýetjeginden howp eden kişi orazasyny açyp biler. Soñra kazasyny tutmalydyr.