Ybadata üns bererdi we Gurhany ýygy-ýygydan okardy
Remezan aýy — Allahyň gullaryna ahyrete barýan ýolda hazynalara baý, bereketli bir aýdyr. Bu aýda bir gije müň gijä deňdir. Eger onuň sekuntlary we minutlary dogry ulanylyp, halas bolmak şahadatnamasyny almak üçin ymtylysa — bu mümkindir. Şonuň üçin Remezan gelende Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) ybadatyny çuňlaşdyrar, zikre we Gurhan okamaga has köp üns bererdi. Bu ybadatlary Remezanyň soňky on gününde has köp ederdi.
Aýşa enemizden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilýär:
“Allahyň Resuly Remezanyň soňky on gününiň gijelerini ybadat bilen geçirerdi, maşgalasyny ybadat üçin oýandyrardy, ybadata has köp ähmiýet bererdi we beýleki wagtlara garanyňda has köp ybadat etmäge çalyşardy.” (Muslim, Itikaf 7)
Gurhany köp okardy we tefekkür ederdi
Allahyň Resuly (sallallahu aleýhi we sellem) Remezanda adatdakysyndan has köp Gurhan bilen meşgul bolar, okar we tefekkür ederdi. Sebäbi Allah bu aýda Gurhany ýere indirdi. Remezanyň her gijesi Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) bilen Jebraýyl perişde bilelikde Gurhany başyndan ahyryna çenli okaýardylar. Bu onuň aradan çykan ýylynda iki gezek boldy. Biz bu däbi şu günlerde “mukabele” — topar bolup Gurhany okamak arkaly — dowam etdirýäris.
Remezan gijelerini peýdaly geçirerdi we köp doga ederdi
Allahyň Resuly (sallallahu aleýhi we sellem) özi Remezan gijelerini ybadat bilen geçirerdi we adamlary hem şeýle etmäge höweslendirýärdi:
“Kim Remezanda iman bilen, sogabyny Allahdan garaşyp we Onuň razylygyny gözläp namaz okasa, onuň günäleri bagyşlanar.” (Buhari, Salat al-Tarawih 1; Muslim, Salat al-Musafirin 174)
“Allah Remezan aýynda oraza tutmagy parz etdi. Remezan gijelerinde namaz okamak hem meniň sünnetimdir. Kim yhlas bilen, ynanyp we sogabyny Allahdan garaşyp oraza tutup, namaz okasa, enesinden doglan günündäki ýaly günälerden tämiz bolar.” (Nasai, Siýam 40; Ibn Maja, Ykama 173; Musnad 1/191)
Jomartlykda iň ýokary derejä ýeterdi
Ibn Abbas (Allah ondan razy bolsun) Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi we sellem) Remezan aýyndaky jomartlygyny şeýle beýan etdi:
“Allahyň Resuly haýyr-sahawat meselesinde adamlaryň iň jomartydy. Onuň iň jomart wagty Remezan aýydy…” (Buhari, Wahý 5)
“Jebraýyl perişde her ýyl Remezan aýynda Allahyň Resuly bilen bilelikde Gurhan okaýardy we bu Remezanyň soňuna çenli dowam edýärdi. Bu döwürde Allahyň Resuly (sallallahu aleýhi we sellem) haýyr-sahawat meselesinde öwüsýän ýelden has jomart bolardy.” (Beýhaki, 4/305)
Köp doga ederdi
Käbir adamlaryň dogalary kabul edilýär we elleri boş gaýtmaýar. Ine, şolaryň biri — agzaçar wagtynda ellerini galdyryp, Allahu tagala doga edýän adamdyr.
Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi we sellem) agzaçarda okan dogalarynyň käbirleri aşakdakylardyr:
اللَّهُمَّ لَكَ صُمْتُ وَعَلَى رِزْقِكَ أَفْطَرْتُ
“Eý Allahym! Men Seniň razylygyň üçin oraza tutdym we Seniň ryzkyň bilen agzymy açdym.” (Ebu Dawut, Siýam 22)
بِسْمِ اللَّهِ، اللَّهُمَّ لَكَ صُمْتُ، وَعَلَى رِزْقِكَ أَفْطَرْتُ، تَقَبَّلْ مِنِّي إِنَّكَ أَنْتَ السَّمِيعُ الْعَلِيمُ
“Eý Allahym! Men Seniň razylygyň üçin oraza tutdym we Seniň beren ryzkyň bilen agzymy açdym. Orazamy kabul et. Sen hemme zady eşidýänsiň, hemme zady bilýänsiň.” (Darakutni, Sunan 2/185)
اللَّهُمَّ إِنِّي أَسْأَلُكَ بِرَحْمَتِكَ الَّتِي وَسِعَتْ كُلَّ شَيْءٍ أَنْ تَغْفِرَ لِي ذُنُوبِي
“Allahym! Ähli zady gurşap alan rehimdarlygyň bilen günälerimi bagyşlamagyny soraýaryn.” (Ebu Dawut, Siýam 22)
الْحَمْدُ لِلَّهِ الَّذِي أَعَانَنِي فَصُمْتُ، وَرَزَقَنِي فَأَفْطَرْتُ
“Allahym, Saňa şükürler bolsun — kömegiň bilen oraza tutdum, ryzkыň bilen agzymy açdym!” (Beýhaki, Şuab al-Iman 3/406)
أَفْطَرَ عِنْدَكُمُ الصَّائِمُونَ وَأَكَلَ طَعَامَكُمُ الأبْرَارُ، وَصَلَّتْ عَلَيْكُمُ الْمَلائِكَةُ
“Oraza tutýanlar siziň bilen agyz açsynlar, ýagşy adamlar siziň saçagyňyzdan iýsinler we perişdeler siziň üçin doga etsinler.” (Ebu Dawut, Siýam 22 — bu doga nahar berýän adam üçindir)
Itikaf edýärdi
Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) Medinä hijret edenden soň mübärek ömrüniň soňuna çenli her Remezanyň soňky on gününde itikafda bolardy. Ömrüniň soňky ýylynda bolsa ýigrimi gün itikaf etdi. (Buhari, Itikaf 17; Tirmizi, Sawm 71)
Gadyr gijesiniň gadyryny bilmegi höweslendirýärdi
Allahyň Resuly (sallallahu aleýhi we sellem) özi Remezanyň soňky on gününiň gijelerini ybadat bilen geçirşi ýaly, maşgalasyny hem oýandyryp, Gadyr gijesini gözlemäge we gijelerini ybadat bilen geçirmäge höweslendirýärdi:
“Kim Gadyr gijesini, onuň fazileti we mukaddesligine ynanyp, sogabyny Allahdan garaşyp, ybadat we tagat bilen geçirse, onuň günäleri — kişi haklaryndan başgasy — bagyşlanar.” (Muslim, Musafirin 175)
“Gadyr gijesini Remezanyň soňky on gününde gözläň.” (Buhari, Leýletül-Kadr 3)
“Gadyr gijesini Remezanyň soňky on gününiň täk gijelerinde gözläň!” (Buhari, Leýletül-Kadr 3)
“Remezanyň soňky on güni gelende, Allahyň Resuly (sallallahu aleýhi we sellem) gijelerini ybadat bilen geçirerdi, maşgalasyny oýandyrardy, ybadata has köp ähmiýet bererdi we beýleki wagtlardan has köp ybadat etmäge çalyşardy.” (Muslim, Itikaf 7)
Şewwal aýynda alty gün agyz beklärdi
Hijri senenamada Şewwal, Remezandan soň gelýän aýyň adydyr. Bu aýda alty gün oraza tutmak sünnetdir. Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) bir hadysynda şeýle buýurýar:
“Kim Remezan aýynda oraza tutup, soňra Şewwal aýynda hem alty gün oraza goşsa, tutuş ýyl oraza tutan ýalydyr.” (Muslim, Siýam 204; Tirmizi, Sawm 53)