Allahyň Sypatlary

Allahutagala barasynda kabul edilmegi wajyp bolan kemal sypatlar iki görnüşdedir:

1. Selbi sypatlar,

2. Subuty sypatlar.

Allahyñ zaty (selbi) sypatlary

Allahyň öz zaty bilen bütewi, Ondan aýry kabul edilmeýän sypatlarydyr.

Wujud – bar bolmaklyk diýmekdir. Eger Allah bolmadyk bolsa onda hiç bir zat bolmazdy. Älemleriň barlygy, Onuň barlygyna iň beýik şaýatdyr. Onuň barlygy öz-özündendir we mutlakdyr, ýoklygy mümkin däldir. Şonuň üçin Oňa ‘Wajibul Wujud’ diýilýär.

Kydem – barlygynyt başlangyjy ýok diýmekdir. Allah gadymydyr, ezelidir, ýagny, Ol ýokka, soň bar edilen däldir. Zamany we mekany ýaradan Oldyr. Ol, zamanyň we mekanyň daşyndadyr.

Beka – barlygynyň soňy bolmadyk, müdimi bolan diýmekdir. Allah ebedidir we bakydyr.

Wahdaniýet – bir we ýeke-täk diýmekdir. Allah zatynda, sypatlarynda we amallarynda ýeke-täkdir. Ol böleklerden döremändir. Ol madda hem däldir. Ony meňzedere zat hem ýokdyr. Ol deňsiz, taýsyzdyr. Şonuň üçin Onuň şärigi ýokdyr. Eger birden köp ilah, taňry bolan bolsa, älemin nyzamy bolmazdy.

Yslam dininde, hatda ähli hak dinlerde towhyd, ýagny, Allahyň birligi akydasy iman esaslarynyň we tutuş dini ynançlaryň düýbüni tutýar. Kalpda towhyd akydasy bolmazdan Allahyň dergähinde hiç hili ynanç, amal kabul däldir. Şol sebäpli, yslam dini adamzat üçin towhyd ynanjyny ähli zatdan öňde goýýar. Ähli adamzady Allahy ýeke-täk bilmäge, Onut şäriginit ýokdugyny ykrar etmäge çagyrýar. Hak dinler bilen batyl dinleri bir-birinden tapawutlandyrýan iň möhüm esas hem şudur.

Muhalefettin lilhawadis – sonradan dörän hiç bir zada meñzemezlikdir. Allahutagala ne zatynda, ne sypatynda öz yaradan İpi  zatlaryna meñzemeýär. Biz Allahy nähilidir diýip oýlansak oýlanaly, ™  Ol ýadymyza düşjek we hyýalymyza gelip biljek ähli zatdan başgadyr. “Oña hiç zat meñzeýän däldir, Ol her bir zady eşidýän we görýändir,” (Şura, 11), aýaty bu hakykaty beýan edýär.

Kyýam binefsihi – Allahutagalanyñ zatynyñ barlygynyñ özünden bolmagy diýmekdir. Ol wajibul wujutdyr. Allahyn barlygy öz zaty bilendir. Allahy kim ýaratdy diýip soralmaz. Eger Ony ýaradan biri bolsady Ol Allah bolup bilmezdi. Allah Sameddir, hiç zata mätäç bolmadyk we ähli mätäçleriñ zerurlyklaryny üpjün edýän Sameddir.

Allahyñ subuty sypatlary

Ýokarda hem belleýişimiz ýaly, şu görnüp duran älem we onuñ içindäki ähli barlyk ALLAHYŇ barlygynyñ delilleridir. Bu delilleri şeýle sanamak mümkin.

Hayat – dirilik diýmekdir. Allah Haýýu Kaýýumdyr, ýagny, Ol diridir, ähli zady dirildýän we olaryñ durmuşyny dowam etdirýändir. Diri bolmadyk bir zadyñ bilmegi, dilemegi, döretmegi mümkin däldir. Şonuñ üçin Allahyñ ylym, erada, gudrat sypaty bolany üçin haýat sypaty hem bardyr.

Ylym – Allah her bir zady bilýändir. Ol Alimdir, Onuñ ylmy hemme zady gurşandyr. Onuñ ylmy artmaz hem, kemelmez hem. Çünki, Onuñ ylmy ezeli we ebedidir. Ýaradyjynyñ bir zady ýaradyp bilmegi üçin ilki bilen ylym eýesi bolmagy hökmandyr. Ylym eýesi bolmak üçinem, semig, basar we kelam sypatyna eýe bolmak zerurdyr. Çünki körlük, kerlik we lallyk uly nogsandyr. Şeýle nogsanlary bolan kör kuwwatlar ilah we ýaradyjy bolup bilmez.

Erada – islemek, ygtyýar etmek diýmek. Onuñ eradasy ezelidir. Ol edýän işlerine erkindir. Onu haýsy-da bolsa bir işi etmäge mejbur etjek güýç ýokdyr. Allahyñ isleýän zady hökman bolar we Onun islemedigi bolmaz.

Gudrat – güýç-kuwwat diýmekdir. Allah ezeli ylmy, eradasy bilen her bir zady etmäge we ýaratmaga kadyrdyr. Onun gudraty çäksizdir, güçji hemme zada ýeter. Çünki, islänini bir pursatda ýerine ýetirip bilmeýän barlyk, âlemlerin ilahy bolup bilmez.

Semig – eşitmek diýmekdir. Allahyñ eşitgirligi mahluklaryn eşidişi ýaly çäkli we kemter däldir. Allahutagala ähli zady eşitýär, iñ gizlin we äşgär sesler, hereketler Oña eşidilmän galmaýar. Ol eşitmek üçin hiç bir gural ulanmaýar.

Basar – görmek diýmek. Allahyn eşitgirligi ýaly, görgürligi üçin hem uzaklyk-ýakynlyk, gizlinlik-äşgärlik, karankylyk-ýagtylyk ýaly zatlar päsgel bermeýär. Ol içimizdäki pyşyrdylary, ýüregimizden we köñlümizden aýdýan dogalarymyza çenli eşidýär. Olara hikmetine laýyk jogap berýär.

Kelam – bir manyny görkezýän, bir maksady añladýan söz diýmekdir. Allah gürlemek üçin, sese, harpa, söze ýa-da sözleme mätäç däldir. Allahutagala gadym kelamyny islän wagty, şanyna laýyk şekilde, meleklerine eşitdirýär, bildirýär we düşündirýär. Käbir pygamberlere iberilen kitaplar, wahy, ylham hem Allahyn kelam sypatynyn tejellisidir.

Tekwin – döretmek, ýaratmak diýmekdir. Tekwin sypaty gudrat sypatynyñ içinde şertli görnüşdedir. Allahutagalanyñ bu älemleri ýaratmagy, ýok etmegi, gullaryna dirilik berip ýaşatmagy, olary ryzyklandyrmagy, soñra öldürip başga äläme ibermegi tekwin sypatynyñ tejellisidir. Kur’any Kerimde bu barada şeýle aýdylýar. “Allah bir zadyn bolmagyny islese, oña ‘bol’ diýer, ol hem derrew bolar,” (Yasin, 82)

Comments

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *