Ahyretiñ Barlygynyñ Delilleri

Iň dogry habar «Ahyret bardyr» diýen habardyr. Ýagny, «ynsan ölenden soň, onuň ruhy durmuşynyň dowam edýändigi, belli wagtdan soň, täzeden beden bilen birlikde diriljekdigi, hasaba çagyryljakdygy, ýagdaýyna we amalyna görä jennete ýa-da dowzaha salynjakdygy» baradaky habar ýalan saýylmagy asla mümkin bolmadyk iñ dogry habardyr. Munuň delilleri şulardyr:

1.   Allahutagala ahyretiň bardygyny wada edip, habar berýär. Onuñ esmaýy-hüsnasynyñ hemmesi, aýratyn hem, şu dünýäde tejelli eden Kerim, Rahym, Jelal, Jemal, Aziz, Hafyz, Adyl… atlary we rahmet, şefkat, yzzat, adalat, hikmet we ylym ýaly mukaddes
sypatlary ahyretiň bolmalydygyny, hasap soralyp, jezanyñ ýa-da sylagyñ berilmelidigini zerur edýär. Meselem, biz Allahyñ mutlak adalatlydygyna ynanýarys. Yöne bilşimiz ýaly, şu dünýäde her kim eden günäsiniñjezasyny doly çekmeýär. Käbir adalatsyzlyklar bolup
geçýär. Ahyretde bolsa, beýle ýagdaý bolmaz. Hökman hak bilen nähak aýyl-saýyl ediler. Allah mutlak adalaty bilen erbetleri jezalandyryp, ýagşylary sylaglar. Diýmek, Allah bar, elbetde, ahyret bardyr.

2.   Hezreti Muhammet (s.a.w.) ýaly, ähli pygamberler ymmatlaryna ahyreti düşündiripdir. Olar azaşyp inkär edenleri dowzah azaby bilen gorkuzyp, tagat kylyp iman edenlere jennetiñ garaşýandygyny habar berip buşlapdyrlar. Ähli pygamberler syddyk, sadakatly we dogruçyldyrlar. Olaryñ ähli eden işleri we aýdanlary hemişe dogry çykypdyr. Diýmek pygamberleriñ habar beren ahyret älemi hökman bardyr.

3.   Kur’any Kerim we beýleki Hak Kitaplar her pursatda ynsanyñ nazaryny ahyret durmuşyna öwrüp, ilahi adalat we azaby ýatlatmak bilen ynsanyñ asylykdan, azaşmakdan, küfürden, pitneden daş durmagyny ündäp, ilahi mükafaty ýatlatmak bilen ony imana we ybadata çagyrypdyr.

Kur’any Kerim ahyret ynanjy barada şeýle bir köp söz açypdyr, Kur’anyñ üçden biri ahyrete degişli meseleler bilen baglanyşyklydyr. Hatda Kur’anda ahyret gününden söz açmaýan süre ýok diýen ýalydyr.

4.   Meläikeýi Kiram ahyretiň bardygyna şaýatlyk edýär. Magşar güni boljak hadysalary häzirden tomaşa edýän, jennet bilen dowzahy göpüp pygamberlere gelip habar berýän melekleriñ getiren habarlary ahyret durmuşynyñ hökman boljakdygyny görkezýär. Şeýle hem, dünýäden öten käbir ruhlar bilen gatnaşygyñ bardygy, Allahyñ rugsady bilen bizden olara doga we sogaplaryñ ýetmegi, olardan bize feýz we ýardam gelmegi ahyret durmuşynyñ bardygyna we dowamlydygyna aýdyñ şaýatdyr.

5. Bulardan başga sagdyn oýlanýan kişi adalatlylyk, jogapkärçilik, ebedilik duýgusy, akyly, şeýle hem, ynsan maksatsyz geldi-geçer ýaradylmaz diýen düşünjesi bilen ahyret durmuşynyñ bardygyna göz ýetirip biler. Diýmek, ynsandaky ebedilik arzuwy diñe ahyret bilen kanagatlandyrylyp bilner.

Tomusdan soñ güýzüñ, güýzden soñ gyşyñ, ondan soñ, diriliş möwsümi – baharyñ geljekdigi nähili anyk bolsa, gündizden soñ agşamyñ, agşamdan soñ gijäniñ, gijeden soñra-da oýanmak we dirilmek wagty bolan ertiriñ gelmegi nähili derejede jedelsiz bolsa, edil şonuñ ýaly, ýaşlykdan soñ garrylygyñ, soñra ölümiñ, aýratyn hem dünýäniñ ölüminden soñ kyýamatyñ gopmagy bilen täzeden dirilmek anyk, kesgitli, üýtgewsiz, jedelsiz hakykatdyr.

Ahyret durmuşynyñ menzilleri

Ynsan durmuşyny dört menzile bölmek mümkindir.

1.   Ruhlar älemi

Allahutagala ruhlaryñ hemmesini ýaradan gününden başlap, ene göwresindäki çaga ruh üflenýänçä bolan aralykdyr.

2.   Dünýä durmuşy

Ene göwresinden tä şu dünýäden ötýänçä dowam edýän synag döwri.

3.   Berzah älemi

Dünýäden ötenden soñ haşr gününe çenli bolan aralykdyr. Bu ahyret durmuşynyñ ilkinji menzilidir.

4.   Ahyret älemi

Haşr gününden soñky ýaşaljak döwürdir. Ynsan ahyret âleminde şu menzilleri ýaşap geçer: gabyr (berzah) durmuşy, kyýamat, haşr we magşar, amal depderiniñ berilmegi, hasap, mizan, syrat, şefagat, jennet ýa-da jâhennem.

Comments

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *