Berzah älemi
Ölümbilen başlanyp, tazeden dirilinýânçâ aralygaberzah âlemi, ýa-da gabyr durmuşy diýilýâr. Bu ahyret âleminin ilkinji menzilidir. Bir hadysy şerifde şeýle diýilýâr:
«Gabyr – ahyret menzillerinin ilkinjisidir. Bir kişi şol menzilde azapdan halas bolsa, ondan soñky menzilleri hem añsatlyk bilen geçer. Eger azapdan halas bolup bilmese, beýleki menzilleri geçmek has kyndyr», (Tirmizi, Ibni Maje).
Ynsan nâhili ýagdaýda ölse-ölsün ruh bedenden çykandan soñ, berzah âlemine gider. Onuñ ýanyna Münker we Nekir atly iki melek gelip:
– Rabbiñ kim?
– Pygamberiñ kim?
– Diniñ nâme?- diýip sorarlar.
Eger-de sorag edilýân iman edip, takwa ýaşan kişi bolsa, oña jennete degişli penjireler açylar we ol jenneti synlap duran halynda ýaşar. Eger-de ol günâkâr ýa-da inkâr edenlerden bolsa, oña dowzahdan penjireler açylyp, dowzahy synlap ýaşar. Biri kyýamatyñ tiz gopmagyny arzuw eder, beýlekisiniñ ýagdaýy bolsa tersinedir.
Kyýamat
Kyýamatyñ haçan gopjakdygyny diñe Allah biler. Ony ne hezreti Muhammet (s.a.w.), ne Oña wahý getiren Jebrail (a.s.), nede wagty gelende kyýamatyñ gopmagy üçin sura üflemek wezipesi berlen israfil (a.s.) biler. Kur’any Kerimde bu barada şeýle aýdylýar: «Kyýamatyñ wagty barada anyk maglumaty diñe Allah biler…» (Lukman, 34). Başga bir aýatda:
«Senden kyýamatyñ haçan gopjagyny soraýarlar. Olara aýt, ol baradaky maglumaty bilmek diñe Rabbime degişlidir. Onuñ wagtyny Ondan başga biri aýdyp bilmez. Ol Göklere-de, Yerlere de agyr düşer. Ol size duýdansyz geler. Hamala sen ony bilýän ýaly, senden soraýarlar. Aýt: Onuň wagtyny dine Allah biler. Yöne muny ynsanyň köpüsi bilmeýär», (A’raf, 187).
Älemiň ölümi diýmek bolan kyýamat Allahutagalanyň gudraty bilen bolup geçer. Onuň gudratynyň öňünde iň beýik zat bilen iň kiçi zat deňdir. Ýagny bahary ýaratmak, bir güli ýaradan ýaly ýeňildir.
Şu älemdäki atomdan ýyldyzlara, Günlere çenli ählisi özboluşly dilleri bilen Onuň azamat we gudratyna şaýatlyk edýär. Çäksiz älemi gudraty bilen ýaradyp, ony hemişe täzeläp duran gudraty güýçli Ýaradana: «Kyýamaty nähili getirjek, bu älemi nädip ahyret älemine öwürjek?» diýip bolarmy?! Çünki Ol ýaratmagyň her dürli görnüşini bilşi ýaly, bir ynsany ýaratmagyň tutuş adamzady ýaratmak bilen deňdigini Kur’any Kerimde şeýle habar berýär:
«Siziň ýaradylmagyňyz, öleniňizden soň täzeden dirildilmegiňiz ýeke-täk ynsanyň ýaradylmagy we täzeden dirildilmegi bilen defidir», (Lukman, 28).
Haşr
Kyýamat gopandan soň ähli zat ýok bolar. Hiç birjanly-jandar galmaz. Diňe Allah baky galar. Bu ýokluk belli wagt aralygy dowam edenden soň, Allahutagala Israfile sura ikinji gezek üflemegini emr eder. Suranyt çalynmagy bilen birlikde ynsanlaryt bedenleri täzeden ýaradylyp, ruhlar şol bedenlere täzeden dolanarlar. Şeýlelikde, Allah ölüleri täzeden dirilder.
Ähli hak dinlerde bu ynanç bardyr. Kur’any Kerim öleniňden sot täzeden dirilişit mümkindigini, hökman boljakdygyny şeýle subut edýär:
Hawa, bir zady bar eden üçin ony ikinji gezek bar etmek mümkin we has ýetildir:
«Öz ýaradylyşyny unudyp: «Bu çüýrän süňkleri kim diriltjek?» diýip, Bize mysal getirene aýt: Ony ilkinji gezek kim ýokdan bar eden bolsa, şol hem dirilder. Çünki, Allah ýaratmagyň her görnüşini bilýär», (Ýasin, 78-79).
Magşar
Magşar – adamlaryñ gabyryndan turup ýygnanjak yeridir. Ynsan şol ýerde hasaba çagyrylyp, amal depderleri berlip, mizan terezide amallary çekilenden soñ, syratdan geçip jennete ýa-da dowzaha gider.
Amal depderiniñ paýlanmagy
Her ynsanyñ dünýäde eden ýagşy-ýaman işlerinin ýazylan depderine amal depderi diýilýär. Kiramen Kâtibin atly iki melek bu işi ýerine ýetirýändir. Magşar güni hasaba çekilende, meleklerin ýazan bu depderi ynsanyñ eline berlip, «Al, kitabyñy oka» diýiljekdir. Eger depderde erbet amallar köp bolsa, çep eline, ýagşy amallar köp bolsa, sag eline berler. Depderi sagdan berlenlere «Ashaby ýemin», çepden berlenlere «Ashaby şimal» ady berlendir. Depderi çepden berlen uly perýady-pygan bilen düýpsüz puşmana gark bolar. Sag eline berlenler bolsa, begençden we şatlykdan ýaña bagtyýarlyklarynyñ çägi bolmaz. Bu ýagdaýy Kur ‘any Kerim şeýle suratlandyrýar:
«Kitap ortada goýlar. Günäkärleriñ onda ýazylanlardan gorkyşlaryny görsediñ. Olar: «Waý, halymyza, bu nähili kitap, kiçi-uly hiç zady galdyrman bary ýazylypdyr» diýerler. Şeýlelikde, olar edenleri bilen garşylanar. Seniñ Rabbiñ hiç kime zulum etmez», (Kehf, 49).

Leave a Reply