Orazany bozýan we bozmaýan zatlar

Oraza niýet edip tutmaga başlandan soñ, ony tamamlamak mükellefe borçdur. Şonuñ üçin meşrug bir sebäp bolmasa, başlanan orazany bozmak günädir. Iýip-içmek, jynsy gatnaşykda bolmak orazany bozýan zatlardyr. Bularyñ käbiri kaza, käbiri bolsa hem kaza, hem keffarreti zerur edýär.

Kazany zerur edýän ýagdaýlar

Kaza – hiç tutulmadyk parz ýa-da tutulmaga başlanyp, soñ bozulan Remezan orazasynyñ gününe deñ agyz beklemekdir.

Orazany bozup diñe kazany zerur edýän ýagdaýlar şulardyr:

1.   Orazaly kişi bişmedik miwe, tüwi, mäş, dary ýa-da ýag, çig hamyr, un, toprak ýa-da palçyk iýmek, daş, demir, gurşun,
çigit, daşy gabykly pisse, badam ýaly bir tohumy ýuwutmak.

2.   Gar, ýagyş damjasy agza düşen ýagdaýynda bilip ýuwutmak.

3.   Orazaly kişi öz islegi bilen agyz dolysy gusmak. Eger gusmak zerurlygy dörände özüne erk edip bilmese, onda kaza gerek däldir.

4.   Orazalydygyny bilip, bilgeşleýin däl-de, ýalñyşlyk bilen iýip-içmek, täret kylanda bogazyndan aşak suw gidirmek, ýa-da suwda ýüzýärkä suw ýuwutmak.

5.   Orazalydygyňy unudyp iýip-içeniñden soñ: «Orazam bozuldy» diýip iýmegiñi dowam etdirmek.

6.   Jynsy şehweti meşrug däl ýollar arkaly kanagatlandyrmak.

7.   Agzyna sähelçe gusuk gelen, ýa-da gybat edenden soñ, gan aldyranyñdan soñ, ýa-da şehwet bilen öpüşeninden soñ, ýa-da ihtilam bolandan soñ orazasy bozulandyr öýdüp iýip-içmek.

8.   Derman ulanmak we sanjym etdirmek, bedene gan goýbermek, klizma etdirmek, burnuña, gulagyña derman, ýag damdyrmak. Ýöne gulaga giren suw, göze damdyrylan derman, bedene çalnan ýag ýa-da melhemler, demgysma keseliniñ garşysyna tozan şekilinde ulanylýan dermanlar (ingalýasiýa) we gan aldyrmak orazany bozmaýar.

9.   Dişiñi sogurtmak hem orazany bozmaýar. Ýöne gan we dermandan hiç bir zat ýuwutmaly däldir.

Orazany bozmayan zatlar

1. Unudyp bir zat iýip-içmek ýa-da jynsy gatnaşykda bolmak.

2. Agzyña suw alyp çaýkanyñdan soñ, agyzda galan nemiñ tüýkülik bilen ýuwdulmagy.

3. Ynsanyñ burnundan agzyna gelen suwuklygy ýuwutmak.

4. Howada dargan tüsse, tozan, üwelýän ýa-da ýenjilýän bir zadyñ tozany, uçup barýan siñegiñ burna ýa-da bogazyña gitmegi.

5. Dişleriñ arasynda galan nohut ululygyndan kiçi nahar galyndysy, agyz dolusy gakylyk we dişleriñ arasyndan çykan gan bogaza gidip, aşgazana ýetmejek mukdarda az bolsa, orazany bozmaýar. Tüýkülik köp, gan az bolan ýagdaýynda hem höküm üýtgemeýär. Ýöne gan tüýkülik bilen deñ ýa-da artyk bolup, tagamy duýulsa, ýuwdulanda oraza bozulýar.

6. Gözýaş, ýa-da der bir-iki damja ýaly az mukdarda agza girse, orazany bozmaz. Ýöne tagamy agyzda doly duýuljak derejede köp bolup, orazalydygyñ ýadyñdaka ýuwdulsa, oraza bozulýar.

Kazany hem keffareti zerur edýän hallar

Remezan orazasyndan başga hiç bir oraza bozulany üçin keffaret gerek däldir. Parz bolan remezan orazasyna niýet edenden soñ iýip-içmek, jynsy gatnaşykda bolmak, şeýle hem çilim we şoña meñzeş bir zady ýakyp tüssesini sormak, nas atmak, çig et, iç ýag, az mukdarda duz iýmek ýaly, keýp we lezzet berýän adaty zatlary iýip-içmek, amal etmek kaza hem-de keffaret orazasyny tutmagy zerur edýär.

Keffaret, oraza tutmazlygyñ däl-de, tutulan orazanyñ bilgeşleýin bozulmagynyñ jezasydyr. Şonuñ üçin remezany şerifde oraza tutmaga hiç niýet etmedik biri tutmadyk günlerini diñe kaza edýär. Ýöne «niýet etmeseñ keffaret gerek däl eken» diýen düşünje bilen remezan orazasyny tutmazlyk diniñ esasy parzlaryndan biri bolan remezan orazasyny äsgermezçilik etmekdir. Bu uly günädir.

Bir kişi bir remezan içinde ýa-da birnäçe remezanda sebäpsiz birnäçe gezek bilgeşleýin orazasyny bozan bolsa, bular üçin diñe bir keffaret ýeterlikdir. Sahyh görüş budur. Ýöne keffaret edeniñden soñ, täzeden orazany şol bir görnüşde bilgeşleýin bozan kişi, munuñ üçin aýratyn keffaret orazasyny tutmalydyr.

Remezan orazasy bilgeşleýin bozulan wagty, haýz ýa-da nifas ýaly oraza tutmagy gadagan ýa-da mubah edýän bir ýagdaý ýüze çyksa, keffaret aýrylýar we diñe kaza borjy galýar. Oraza tutmaga päsgel berýän kesel dörän ýagdaýynda hem höküm şeýledir. Ýöne orazany bozanyñdan soñ öz islegiñ bilen, ýa-da zor bilen syýahata çykmak, ýa-da özüñe zor salyp kesel bolmak keffareti aýyrmaýar.

Remezan orazasynyñ keffareti üç görnüşde ýerine ýetirilýär:

1. Iki aý yzly-yzyna oraza tutmak.

2. Altmyş garyby ertirine, agşamyna doýurmak.

3. Gul azat etmek (bu häzirki döwürde öz güýjüni ýitiripdir).

Comments

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *