IMAN

Iman

«Iman kalp bilen tassyk, dil bilen ykrardyr.»

Ymamy agzam Ebu Hanife

1. IMAN NÂME?

Iman sözi, bir zada ynanmak, bir zady tassyklamak, bir kişinin aýdanlaryny kabul etmek diýmekdir. «Iman» sözi ygtykat bilen hem manydaş bolup, teslim bolmak – boýun egmek manysyny hem öz içine alýar. Imanyň dini manysy, Allahyň barlygyna, Onyň bir we ýeke-täkdigine, Hezreti Muhammet sallallahu aleýhi wesellemiň Onyň resuludygyna, Pygamberimiziň wahý arkaly Allah tarapyndan getiren zatlarynyň ählisine şübhesiz ynanmakdyr.

Imanyň gömüşleri

Imanyň ijmali we tafsili derejeleri bardyr. Ijmali iman – “Lä ilähe illala:h Muhammedür-Resu:lulla:h” kelimeýi towhyd jümlesini dil bilen ykrar, kalp bilen tassyk edip şübhesiz ynanmakdyr.

Tafsili iman – Allaha, meleklerine, kitaplaryna, pygamberlerine, ahyret günine, kaza we kadere (ýazgyta), haýyr we şeriň Allahdandygyna, öleniňden soň haşr gününde tazeden direlmäge, jennet wejehennemiň hakdygyna ynanmakdyr. Başgaça aýdylanda, tafsili iman – imanyň alty şertini esas edinip, diniň parz, wajyp, halal we haram saýylýan zatlary barada ähli buýruklaryny gitişleýin öwrenip ynanmakdyr.

Imanyň artmagy ýa-da kemelmegi

Iman, kişiden kişä üýtgäp biler.

Bir kişi “Lä ilähe fflalkh, Mühammedür-Resu:lulla:h” diýeniňden soňra, eger ýüregi bilen ykrar we tassyk eden bolsa, “Eý iman edenler!” diýip gelýän ähli buýruklary ýerine ýetirmegi, gadaganlyklardan daş durmagy hökmandyr, hatda dinit ähli düzgünlerini we imandan bedenin agzalaryna düşen parzlary berjaý etmäge borçlydyr. Şeýlelikde ol kalbyndaky imanyny güýçlendirer.

Ynsan hemişe şol bir bolşyny saklap bilmez. Nebsine we şeytana uýup gadaganlyklaryn çäginden geçer, buýruklary ýerine ýetirmez, kalbynda imany şol bir derejede duýman wagtlary hem bolup biler. Bu hem imanyn egsilendigini we ejizleýändigini anladýar. Şeýlelikde iman, güýçli ýa-da ejiz bolmak taýyndan iki görnüşe bölünýär

Taklidi iman – oýlanman, derñemän, dine töweregini ýa-da birini taklid etmek, ýagny, ona eýermek netijesinde döreýän imandyr. Şeýle imanly kişi şübheden arassalanyp bilmeýär. Pitne we fesad asyry bolan ahyrzamanda imany taklidi bolanlar mümin bolup oýanyp, käfir bolup agşam uka gitmegi, käfir bolup oýanyp, mümin halda agşama barmagy, şübhä gark bolup ýaşamagy ähtimaldyr. Beýle kişilerin köpüsi hakykata laýyk ýaşaman ahyrete barýar. Şeýle hala düşmekden Allah gorasyn!

Tahkiki iman – Imana degişli ähli meseleleri dernäp öwrenmek, bilmek, şona görä ýaşamak, tahkyky imana ýetirýän Kur’any Kerimi we onun tefsirinden ybarat bolan imana degişli eserleri könül berip okamak, hezreti Muhammed sallallahu aleýhi wesellem bilen dört çaryýarlaryn hal we hereketlerini öwrenip, olary özüne nusga edinmekdir.

Iman – Allahyñ barlygyna, Onyñ bir we ýeke-täkdigine, Hezreti Muhammet sallallahu aleyhi wesellemiñ Onyñ resuludygyna ynanmakdyr.

Iman we amal gatnaşygy

Iman bilen amal arasynda göni gatnaşyk bardyr.

Iman – Allahutagalanyñ dinini kalp bilen kabul etmek, ýagny, Resulullahyñ bildiren zatlaryny kalp bilen gümansyz tassyk etmekdir. Bu imanyñ nazary görnüşidir. Amal etmek bolsa imanyñ amaly görnüşidir. Şonuñ üçin imanyny kalbynda gizleýän kişi Allahutagalanyñ ýanynda Mü’min saýylsa-da, imanyny söz, hereket we amallary bilen subut etmese, ýagdaýy beýleki musulmanlara näbelli bolup galýar we onuñ musulmandygyna şaýat bolunmaýar.

Imanyñ ynsan üçin ähmiýeti

Iman – ynsanyñ ýaradylmagynyñ sebäbidir. Ýagny, ynsan Allahy imany bilen tanamak we Oña ybadat etmek üçin ýaradylypdyr. Ynsan ýaradylyş maksadyna laýyklykda ýaşasa, ahyretde ebedi sagadata ýeter, jennete girer. Tersine ýaşan ýagdaýynda, jähenneme atylar, ebedi şowsuzlyga, betbagtlyga uçrar. Bu nukdaý nazardan iman – ynsan üçin ebedi sagadaty gazanmak wesilesi wejennetiñ açarydyr. Jennete imansyz girilmeýär. Bujähtden ynsanyñ iman getirmegi we şol imanyny soñky demine çenli ýitirmän, pese gaçyrman goramagy gerekdir.

Sag-salamtlyk, esenlik, parahatçylyk we asudalyk ýalñyz Yslamdadyr we imandadyr. Şonuñ üçin Yslam dinini we kämil imany bize nesip eden Allaha ebedi şükür etmelidiris.

Comments

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *