«Ahyret» sözüniň – «soň», «soňra bolan», «soňky gün» diýen manylary bar. Allahyň emri bilen Israfiliň (a.s.) suruny çalmagy netijesinde kyýamat gopar we ahyret güni başlanar. Ahyret – ebedi durmuş bolan o dünýäni aňladýar.
Ahyrete iman – her bir zat ýaly şu dünýäniň hem ömrüniň gutarjakdygyna soňra başga bir hala geçjekdigine, ynsanyň täzeden dirilip gabyryndan turjakdygyna, amal depderinit eýelerine gowşuryljakdygyna, her kim dünýäde eden işlerinin hasabyny berjekdigine, syrat köprüsinden geçilmelidigine, ýagşylaryňjennete, ýamanlaryňjähenneme girjekdigine ynanmak diýmekdir.
Ahyrete iman – iman esaslaryndan bolup, Kur’anda «el-ýowmil ahyr» görnüşinde Allaha iman bilen bilelikde zikr edilipdir. Bu ahyret ynanjynyň iman esaslarynyň arasynda möhüm orun tutýandygyny görkezýär.
«… kim Allahy, meleklerini, kitaplaryny, pygamberlerini we ahyret gününi inkär etse, ol doly manyda azaşandyr», (Nisa, 136), aýaty ahyrete ynanmaýan kişiniňkäfir boljakdygyny belleýär.
Kur’any Kerim ençeme aýatynda dünýä durmuşynyt geçegçi, ahyretiň bolsa ebedidigini, ynsanyň dünýäniň wagtlaýyn keýpi-sapasyna aldanmazlygyny has haýyrly we ebedi bolan ahyret bagtyny gazanmalydygyny nygtaýar. Şeýle hem Kur’any Kerim dünýewi durmuşyň ahmal edilmezligini hem belleýär. Çünki ahyretde ýaşaljak bagtly durmuş şu dünýäde gazanylmalydyr. Şu aýatlar muňa mysaldyr:
«Yöne siz (eý, ynsanlar!) ahyretiň has haýyrly we ebedi bolmagyna garamazdan, dünýä durmuşyny saýlaýarsyňyz», (A’la, 16-17).
«Şübhesiz, şu dünýä durmuşy wagtlaýyn bir güýmenjedir. Emma ahyret hakykatdan ýaşaljak bir ýurtdur», (Mü’min, 39). «Allahyň saňa berenlerinden Onuň ýolunda harçlap, ahyret ýurduny gazanmaga çalyş, emma şu dünýäden hem nesibäti unutma», (Kasas, 77).

Leave a Reply