Her pygamber ynsan bolmak bilen birlikde erkek kişilerdir. Allahdan gelen ilahi wahýy milletine doly düşündirsin diýip, pygamberleriñ dili öz halkynyñ dilidir. Emma Hezreti Muhammet sallallahu aleýhi wesellem tutuş adamzada iberilen iñ soñky pygamber bolany üçin Kur’any Kerim arap dilinde iberilendir. Arapdan başga halklar diniñ esaslaryny aslyndan öwrenmek üçin diniñ dili bolan arapçany öwrenmäge we ýeterlik kadrlary ýetişdirmäge borçludyr. Bu hususy aýratynlyklardan başga pygamberleriñ umumy aýratynlyklary şulardyr:
Sydk
Sydk – «dogrulyk» diýmekdir. Pygamberler yalan sözlemezler, olar dine dogrulyk ýörelgesinden ýöreýärler. Pygamberiñ agzyndan çykan her söz tassyklydyr. Çünki, olar hakykatdan başga hiç bir söz aýtmaýar.
Emanet
Emanet – «ynamdar» diýmekdir. Bu söz iman sözi bilen bir kökden dörändir. Mü’min – ynanan we ynamdar ynsan diýmekdir. Pygamberler mü’minlikde in ýokary derejedäki ynsan boluşlary ýaly, eminlik we ynamdarlykda-da iñ ýokary derejededir.
Ysmat
Ysmat – günä etmezlik, günäden goralan, hemaýat edilen diýmekdir. Pygamberler kiçi-uly ähli günälerden Allah tarapyn goralyp saklanypdyr. Ýagny, Allahutagala pygamber edip iberjek guluna asla günä iş etdirmeýär.
Pygamberler adamzady Allaha we Allahyñ ryzasyna äkidýän ýolbelet bolandygy üçin, ýörite goragdadyr. Çünki, hiç bir günäde, hat-da iñ kiçisinde hem Allahyñ razylygy we hoşallygy ýokdur. Özi Allahyñ ryzalygyndan mahrum kişi nädip başgalary Onuñ ryzalygyna ýetirsin? Bu asla mümkin däldir. Diýmek, pygamberler günä işden daşdyr.
Fetanet
Fetanet – akyl bilen akyl belentliginden aşmak diýmekdir. Muña pygamber mantygy hem diýilýär. Bu mantyk ruhuñy, kalbyñy, bedeniñ syzmasyny, duýgularyñy, zehiniñi bir ýerejemläp giñişleýin, çuññur akyl ýetirip bilmekligi añladýar. Fetanetiñ her bir pygamberde bolmagy zerur sypatdyr. Bu zerurlyk ynsanyñ mätäçliginden döreýär. Çünkü, ilahi wahý ilki ony amal eden pygamberiñ fetanetiniñ üsti bilen beşeriñ düşünip biljek derejesine getirilýär. Şeýlelikde ynsanlar olary kabul edip amala aşyrýarlar.
Teblig
Teblig – pygamberleriñ Allahdan gelen wahýyny ymmatyna WJı kemsiz ýetirmegi diýmekdir. Başgaça aýdylanda: «Emri bil magruf nehýi anil münker», ýagny, ýagşylygy emr etmek, erbetlikden daş saklamak diýmekdir.
“Eý, pygamber! Rabbiñden saña inderilen buýruklary teblig et. Eger etmeseñ, Allahyñ öñündäki ilçilik wezipäñi ýerine ýetirmedigiñdir”, (Maide, 67), aýaty tebligiñ her pygamberiñ ömür maksadydygyny we teblig bolmadyk bolsa, pygamberleriñ iberilmeginiñ manysyzdygyny nygtaýar.
Wahý
“Wahý” sözi yşarat etmek, pyşyrdamak, gizlin gürleşmek, emr etmek, ýazmak, ylham we howlukmak diýen manylary berýär. Kur’any Kerimiñ berýän maglumatlaryna görä, wahý hem hususy, hem-de umumy ulanylypdyr. Allahyñ pygamberlere wahý etmegi hususy, ähli barlyklara şekil we wezipe bermegi olaryñ ýerlikli hereket etmegi üçin käbir ýollar görkezmegi bolsa, umumy manydaky wahýdyr.
Halk arasynda wahý diýlende, hususy manydaky wahý akyla gelýär. Hususy wahý – Allahutagalanyñ gullaryna bildirmek islän hidaýet we emrlerini olaryñ arasyndan saýlan pygamberlerine adaty bolmadyk çaltlykda hem gizlinlikde bildirmegidir.
Wahý pygamberleriñ pygamberdigini görkezýän delilleriñ hem biridir. Allahutagala her pygamberine wahý edipdir. Wahýyñ nähilidigine ynsanyñ doly düşünmegi, oña akyl ýetirmegi mümkin däldir. Ony diñe başyndan geçiren pygamber biler. Ol Allah bilen pygamberiñ arasyndaky syrdyr. Käbir ynsanyñ wahýy suratlandyrmagy körüñ reñkleri suratlandyrjak bolşuna meñzär. Yöne wahý inen wagty, şol ýerdäkiler pygamberde bolup geçýän alamatlary görüp biler. Meselem, sahabalar Pygamberimize wahý gelende, göwresiniñ titreýändigini, ýüzüniñ reñkiniñ üýtgeýändigini, sowukda hem derleýändigini, käbir sesleriñ eşidilendigini, agramynyñ agralandygyny we şuña meñzeş zatlary görendiklerini aýdypdyrlar, (Buhary, Müslim, Tirmizi).
Mugjyza
“Mugjyza” sözi – ejiz halda goýýan, adatdan daşary, täsin zat diýen manylary berýär. Dini taýdan bolsa, pygamberdigini aýdýanlaryñ ony subut etmek üçin görkezýän, haýra, sagadata wesile boljak, täsin hadysalaryna diýilýär.
Mugjyza sözi Kur’anda «aýet», «beýýine», «burhan» sözleri bilen düşündirilýär. Ilkinji döwür hadys alymlary mugyza sözüniñ ýerine «delail» we «alamat» sözlerini ulanypdyrlar.
Allahyñ iberen her pygamberi töweregindäki ynsanlar tarapyndan dürli-dürli garşylanypdyr. Ynsanlar olardan pygamberligini tassyklaýan, göze görünýän, adatdan daşary, hiç kimiñ başarmajak käbir alamatlary görkezmegini talap edipdirler. Pygamberler hem pygamberdigini subut edýän deliller hökmünde mugjyza görkezipdir. Mugjyzanyñ delil bolmagy üçin, adaty ynsanyñ ony görkezmekden ejiz bolmagy şertdir. Çünki, Allaha garşy ýalan sözläniñ mugyza görkezmegi mümkin däldir. Mugyza adatdan daşary täsin bir hadysa bolup, sebäp we netije baglanyşygyny aradan aýyrýar. Ol gönüden-göni Allah tarapyn pygaberiñ pygamberliginiñ dogrudygyny subut edýän ilahi bir amaldyr.

Leave a Reply