Kitaplara Iman

Kitaplara iman – Allah tarapyndan käbir pygamberlere kitap inderilendigini ykrar edip, bu kitaplaryñ mazmunynyñ dogry we hakykatdygyna ynanmak diýmekdir.

Allahutagalanyñ gullaryna ýol görkezmek we gitjek ugurlaryny aýdyñlaşdyrmak maksady bilen pygamberlerine wahý üstü bilen iberen kitaplaryna «ilahi kitaplar», «semawi kitaplara», «mukaddes kitaplar» diýilýär.

Allahyñ kelamy bolmak taýyndan ilahi kitaplaryñ arasynda hiç hili tapawut ýokdur. Olar «suhuf» we «kitap» diýen iki görnüşe bölünýär.

a)   Suhuf.

Sahypa sözüniñ köplük sany bolan suhuf – adamzat jemgyýetiniñ ilknji döwürlerinde ýaşan halklara iberilendir. Kur’any Kerimde hezreti ibrahim we hezreti Musa inderilen sahypalardan söz açylýar, (Nejm, 36-37; A’la, 14-19). Sahypalaryñ jemi ýüz töweregi bolup, şu pygamberlere gönderilipdir:

Hezreti Adam ata on,

Hezreti Site (a.s.) elli,

Hezreti Idrise (a.s.) otuz,

Hezreti ibrahime (a.s.) on.

b)   Kitap

Suhuflardan has göwrümli bolup, kämilleşip, giñ ýaýran, santaydan köpelen adamzat jemgyýetine indirilendir. Kitaplaryň sany dört bolup, olar Töwrat, Zebur, Injil we Kur’andyr.

Töwrat

«Töwrat» sözi ibrani dilinde bolup, «kanun», «şerigat», «emi», «ündew», «ýol görkeziji» manylaryny berýär. Ol hezreti Musanyň (a.s.) üsti bilen israil ogullaryna iberilipdir. Kur’any Kerimde Töwrat on sekiz ýerde agzalýar. Onuň Allahyň mukaddes kitaplaryndan biridigi şeýle beýan edilýär: «içinde hidayet we nur bolan Töwraty Biz inderdik…», (Maide 44). Yöne, israil ogullary taryhda başdan geçiren sürgün we ýesirlikleri sebäpli, Töwratyň asyl nusgasyny gorap bilmändir. Töwratyň asyl nusgasy ýitende, ýahudy din alymlary ony tazeden ýazypdyr. Häzirki döwre gelip ýeten Töwrata, doly manydaky ilahi kitap diýmek kyndyr. Çünki, ol tutuşlygyna wahý bolman, ynsanyň sözleri bilen garyşdyrylandyr.

Zebur

Bu kitap hezreti Dawut pygambere inen kitapdyr. «Zebur» sözi arapça «kitap», ibraniçe «hat» diýen manylary berýär. Kur’any Kerimde Zebur barada Töwrat we Injil ýaly giň maglumat berilmändir. «Zebur» sözi Kur’anda üç ýerde agzalýar.

Injil

Injil hezreti Isanyň üsti bilen israil ogullaryna indirilen hak kitaplaryň üçünjisidir. Kur’any Kerimde Injil we hezreti Isa barada giň maglumat berilýär. Injiliň üýtgedilip, ýoýulandygy bellenýär.

«Geçen pygamberlerden soň, özünden öň gelen Töwraty tassyklaýjy hökmünde Merýem ogly Isany iberdik. Oňa özünden öňki Töwratyň tassyklaýjysy, muttakylara hidaýet we öwüt, içi hidaýet we nurdan doly Injili berdik», (Maide,46).

«Injil» sözi – «buşluk», «hoş habar» diýen manylary berýär. Grekçe bu kitaba «Bibliýa» diýilýär. Manysy: «kitapça» diýmekdir. Hristianlar Injile «ahdi jedid» (täze äht) diýýärler. Täze äht dört injil («Matta», «Markos», «Luka», «Yuhanna») bilen ýigrimi üç babyñ jemlenmesinden ybaratdyr. Bu kitaplaryñ ählisi I-II asyrdan soñ ýazylýar we ýaýraýar. Injiliñ asyl nusgasy grekçedir.

Kur’any Kerim

Kur’any Kerim Allahutagalanyñ adamzada iberen iñ soñky mukaddes kitabydyr. Ol Hezreti Muhammede (sallahu aleýhi weselleme) Jebrailiñ (aleýhisselamyñ) üsti bilen ýigrimi üç ýylyñ dowamynda bölekleýin inderilip, şu günlere tewatür* ýoly bilen gelip yeten, okalmagy ybadat bolan kitapdyr.

«Kur’an» sözi -jemlemek, okamak, ýygnamak manylaryny berýär. Bu at Kur’ana hut Kur’any Kerimin özi tarapyndan berlendir, (Bakara, 185).

Kur’any Kerimin başga-da ençeme atlary bardyr. Olardan käbiri şular: «Kitap», «Furkan», «Höküm», «Hikmet», «Şyfa», «Hüda», «Rahmet», «Ruh», «Beýan», «Nygmat», «Burhan», «Nur»,

«Hak» …

*tewatür-haýsydyr bir jemagat tarapyndan wagyz edilýän, ýalan ähtimallygy bolmadyk, anyk, dogry, güýçli habardyr.

Kur’anyñ mazmuny

Kur’any Kerim muttakylara zikir we hidayet, mü’minlere rahmet we buşluk, maddy we ruhy kesellere doga we şypa, kâfirlere oyaryjy we hasrat, tutuş adamzada yeterlik beyan, öwüt we nesihatdyr.

Kur’any Kerim ynsany syraty mustakyma äkidýän hidayet çeşmesidir. Syraty mustakym pygamberleriñ, syddyklaryň, şehitlerin we salyhlaryñ ýörän giñ we göni ýoludyr. Ol yol – yslam dinidir. Yslamyñ esasy özeni bolsa Kur’andyr.

Adamzady hem şu dünýäde, hem ahyretde bagta ýetirjek Kur’any Kerim ynsana ygtykat, ybadat, ahlak, ijtimagyýat, ykdysadyýet, syýasat, taryh, hukuk, ynsan, älem we metafizika ýaly ençeme hakykatlardan söz açýar. Kur’anyñ söz açýan bu hakykatlarynyñ iñ ähmiyetlileri şulardyr:

1. Towhyd (Allahyñ birligi we ýeke-täkligi),

2. Nübüwwet (pygamberlik),

3. Haşr (ölümden soñ dirilmek),

4. Ybadat (Allaha we ahyret gününe ynanan ynsanyñ amal etmeli ybadatlary), ahlak we muamelat (ynsanyñ şahsy we ijtimagy
durmuşda özüni alyp barmagyñ düzgünleri).

Âlemi we ynsany düşündiren Kur’anda hiç zat egsik däldir. (En’am, 59). Yöne Kur’an her bir zadyñ ähmiýetine görä söz açýar. Gulluk we Allahy tanamak, Oña gulluk etmek üçin ýaradylan ynsany dünýä we ahyret bagtyna ýetirjek in möhüm zatlar, elbetde, towhyd, nübüwwet, haşr we gullukdyr. Şonuñ üçin Kur’an bulardan köp söz açýar.

Kur’anyñ üýtgedilmän gorap saklanmagy

«Elbetde, bu Kur’any Biz inderdik we ony gorap saklajak ýene Bizdiris», (Hijr, 9), aýaty Kur’anyñ kaýamata çenli üýtgedilmän gorap saklanjakdygyny we muny Allahutagalanyñ hut Öz üstüne alýandygyny beýan edýär.

Kur’any Kerim 23 ýylyñ dowamynda aýat-aýat, süre-süre inderilipdir. Pygamberimiz özüne inen bu aýat we süreleri töweregindäki sahabalaryna aýdyp beripdir. Sahabalar bolsa, ony ýat tutupdyrlar. Olaryñ arasynda Pygamberimize gelen wahýi ýazyp alýan ýörite kâtipleri bolupdyr. Olar inen aýat we süreleri ýazypdyrlar. Aýatdyr süreleriñ Kur’anyñ niresinde goýulmalydygyny Pygamberimiz Jebrailiñ öwretmegi bilen görkezipdir. Şeýlelikde, Pygamberimiz dünýeden ötmänkä, Kur’an doly ýazylypdyr.

Kur’an Ebu Bekiriñ halifligi döwründe Zeýd b. Sabitiñ ýolbaşçylygyndaky hafyzlardan we wahý kätiplerinden döredilen geñeş tarapyndan «Mushaf» ady bilen ýeke-täk kitap görnüşine getirilýär. Hezreti Osman döwründe bolsa köpeldilýär. Şeýlelikde Kur’an üýtgedilip ýoýulmakdan goralyp saklanýar. Şonuñ üçin onuñ hökümi kyýamata çenli dowam eder. Kim dünýä we ahyret sagadatyna ýetjek bolsa, hökman Kur’ana görä amal etmelidir.

Kur’anyñ öñündäki wezipelerimiz

Her bir musulmanyñ Kur ‘anyñ öñündäki iñ esasy wezipesi -onuñ Allahutagalanyñ inderen hak Kitabydygyny – ezeli kelamydygyny tassyk etmegidir. Şeýle hem ony okamagy öwrenip, manysyna düşünmek emr we gadaganlyklaryna boýun bolmak, şahsy we jemgyýet durmuşymyzy onuñ getiren dessurlaryna görä yaşamak borjumyzdyr. Şonuñ üçin Pygamberimiz bu barada kabir hadyslarynda şeýle diýýär:

«Siziñ iñ haýyrlyñyz Kur’any öwrenen we öwredendir», (Buhary).

«Kalbynda Kur’andan hiç bir zat bolmadyk kişi harap bolan öý kimindir», (Tirmizi).

«Kur’an okañ. Çünki bu Kur’an özüni okanlara kyýamat güni şefagat eder», (Müslim).

Kur’anyñ özi hem şeýle buýurýar:

«Biz bu kitaby saña, Rabbiniñ rugsady bilen, ynsanlary zulmatdan nura çykarmagyñ, güýç gudratyñ eýesiwe herişi öwgämynasyp Allahyñ ýoluna ugrukdyrmagyñ üçin inderdik», (ibrahim, 1).

«Kur’an okalan wagty ony sesiñizi çykarman diñläñ-de, merhemet edilenlerden boluñ», (A’raf, 204).

Kur’an okamagyñ düzgüni

Kur’any kitapdan okamak üçin täretli bolmak parzdyr. Okamaga başlamazdan E’uzü-bismillah aýtmak mustahapdyr.

Kur’any aýda bir gezek hatim etmek gowy görlüpdir. Ýylda bir, kyrk günden bir, hepdede bir hatim edilmelidigini aýdanlar hem bardyr. Üç günden az wagt aralygynda hatim etmek dürs görülmeýär. Çünki Kur’an çalt okalsa, onuñ manysyna düşünmek kyn bolýar we ýalñyşlyk goýberilmegi hem mümkindir. Arapça okamagy bilse-de, arapça düşünmeýän dini ylmy bolmadyk kişiler Kur’anyñ tefsirini okamaly, ýa-da bolmanda terjimesini bir gezek okasa, has laýykdyr.

Kur’any labyzly we tejwid bilen okamak müstehapdyr.

Pygamberimiz hadysynda «Kur’any sesiñiz bilen bezäñ» diýip buýurýar.

Kur’any okamak nepil ybadat etmekden, Kur’any sesli okamak bolsa, sessiz okamakdan has fazyletlidir. Bir kişi ýöräp barýarka ýa-da bir işe meşgulka, Kur ‘any ýatdan okap biler.

Namaz okamak mekruh bolan wagtlarda doga, tesbih, Pygamberimize salawat aýtmak, Kur’an okamakdan has fazyletlidir.

Kur’any diñlemek parzy kifaýedir. Şonuñ üçin başga bir iş bilen meşgullanýan adamlaryñ ýanynda gaty ses bilen Kur’an okamak gowy görülmändir.

Comments

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *